Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz tarapyndan saýlaw ulgamyna aýratyn üns we ýardam berilýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz: «Türkmen döwletiniň, milli jemgyýetiň syýasy-hukuk esaslaryny kämilleşdirip, milli demokratiýany çuňlaşdyrmak, raýat jemgyýetini ösdürmek, halkymyzyň syýasy işjeňligini artdyrmak ugrundaky we saýlaw ulgamynyň işiniň ösdürilmegine, bu ugurda dünýä tejribesiniň giňeldilmegine ýardam berjek çäreleri işläp düzeris» diýip, parasatlylyk bilen belläp geçdi.
Täze taryhy döwürde, öz ösüşiniň hil taýdan täze tapgyryna gadam basan türkmen jemgyýetinde 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçiriljek saýlawlar raýatlarymyzyň syýasy işjeňliginiň derejesini ýene bir gezek dünýä aýan etjek jemgyýetçilik-syýasy waka öwrüler. Dalaşgärleri hödürlemek we olary bellige almak işleri amala aşyrylýan häzirki döwürde geçirilýän çäreler munuň hakykatdan hem şeýle boljakdygyny doly subut edýär.
Şu günler Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 48-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, welaýat, Aşgabat şäher we etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna, şeýle hem Geňeş agzalygyna dalaşgärler bellige alynýar.
Bellige almak saýlawlara elli gün galanda başlanyp, saýlawlara ýigrimi bäş gün galanda tamamlanar.
Dalaşgärleri bellige almak hakyndaky karar mejlisleriň, ýygnaklaryň dalaşgärleri hödürlemek baradaky teswirnamalary we dalaşgärleriň sese goýulmaga razydygy baradaky arzalary bar bolan mahalynda kabul edilýär hem-de bellige alnan dalaşgärlere bellenilen nusgadaky şahsyýetnama dabaraly ýagdaýda gowşurylýar.
Degişli okrugyň, welaýatyň, Aşgabat şäheriniň, etrabyň, şäheriň, etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň saýlaw toparlary dalaşgärleriň bellige alnandygy hakynda teswirnama düzýärler. Bu teswirnama dalaşgärleriň razylyk arzalary bilen bilelikde degişli saýlaw toparynda saklanylýar.
Saýlaw topary Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň talaplary doly berjaý edilip hödürlenen dalaşgärleriň ählisini bellige almaga borçludyr.
Dalaşgärlige hödürlenilen her bir adam saýlaw okruglarynyň diňe birinde bellige alnyp bilner.
Dalaşgärler haýsydyr bir saýlaw toparynyň düzümine girýän bolsalar, olar bellige alnan pursadyndan başlap, şol toparyň düzüminden çykarylan diýlip hasap edilýär. Milli synçylar babatynda hem şeýle ýagdaý göz öňünde tutulandyr.
Degişli saýlaw topary dalaşgärleriň bellige alnandygy hakyndaky habary ilatyň dykgatyna ýetirýär
Ýurdumyzda kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara bolan Mejlisiň deputatlarynyň, döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary bolan welaýat, welaýat hukukly şäher we etrap, etrap hukukly şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bolan Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan we hormatly Prezidentimiziň — Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän demokratik özgertmeleriň ýolunda täze ädim bolar. Bu başlangyçlaryň üstünlikli amala aşyrylmagy ösüşiň täze sepgitlerine tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzda häzirki türkmen jemgyýetinde çuň özgertmeleriň amala aşyrylmagynyň binýatlyk esaslarynyň üpjün ediljekdiginden nyşandyr.
2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan bilen Gazagysta...
Hormatly Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň gerimi barha giňeýär. Hormatly Prezidentimiziň rugsat bermegi esasynda hem-de saýlawlary g...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 4-7-nji noýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ABŞ-nyň Prezidenti...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 2-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuww...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Italiýa Respublikasyna...