TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

26 Iýun

Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlary boýunça bellige alynan dalaşgärlere şahsyýetnama gowşuryldy

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 23-nji iýulynda ýerli öz-özüňi dolan-dyryş edarasy bolan geňeş agzalarynyň saýlawlary Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesinde geçiriler. Bu geçiriljek saýlawlar boýunça saýlaw möwsüminiň esasy tapgyrlarynyň biri bolan dalaşgärleri hödürlemeklik tamamlandy. Hödürlenilen dalaşgärleri Aba Annaýew şäherçe saýlaw toparynda bellige almak we dalaşgärlere şahsyýetnama gowşurmak işleri hem guramaçylykly geçirildi.

Saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, dalaşgärleriň ählisi erkin we deňhukuklylyk esaslarynda hödürlenildi. Dalaşgärleri hödürlemeklige bagyşlanyp geçirilen ýygnaklaryň dowamynda dalaşgärlige hödürlenilýänleriň çäklendirilmedik sany ara alyp maslahatlaşyldy. Olaryň içinden ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasy bolan geňeşiň agzalygyna has mynasyplar dalaşgärlige hödürlenildi. Munuň özi, Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlarynyň Türkmenistanyň Konsti­tusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, demokratik ýörelgelerimiz esasynda, giň bäsleşlik şertlerinde, açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçjekdigini aňladýar. Hödürlenilen dalaşgärleriň arasynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän tejribeli hünärmenleriň bardygy hem bellärliklidir.

Şahsyýetnama gowşurmak dabarasynyň barşynda nygtalyşy ýaly, ýakyn wagtda Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalygyna dalaşgärler wagyz işlerini geçirmek üçin özlerine berlen deň mümkinçiliklerden we hukuklardan peýdalanyp, saýlaw okruglarynyň çägindäki saýlawçylar bilen duşuşyk ýygnaklaryny geçirip başlarlar.

Şeýle-de, şu günler öňde boljak saýlawlar boýunça bellige alnan dalaşgärler baradaky maglumatlary ilatyň dykgatyna ýetirmek we olary saýlaw býulletenine girizmek, dalaşgärleriň ynanylan adamlaryny bellige almak, dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyk ýygnaklaryny guramak, saýlawçylaryň sanawyny düzmek we takyklamak, saýlaw resminama-laryny çap etmek ýaly beýleki taýýarlyk işleri hem dowam edýär.

 

 

04 Dek
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...

02 Dek
Täze döredilen etraplaryň saýlaw toparlary döredildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...

28 Noý
Täze belentlikleri nazarlaýan türkmen-gazak hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan bilen Gazagysta...

20 Noý
Saýlaw ulgamynda halkara tejribesi öwrenilýär

Hormatly Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň gerimi barha giňeýär. Hormatly Prezidentimiziň rugsat bermegi esasynda hem-de saýlawlary g...

10 Noý
«Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky sammit

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 4-7-nji noýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ABŞ-nyň Prezidenti...

05 Noý
Hormatly Prezidentimiz möhüm desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 2-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuww...

28 Okt
Türkmenistan — Italiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Italiýa Respublikasyna...

21 Okt
TOPH gaz geçiriji taslamanyň Serhetabat — Hyrat tapgyryna badalga berildi

Mälim boşy ýaly, 2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan ga...