Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär – Mejlisiň deputaty, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory Ramazan Durdyýewiň saýlawçylar bilen duşuşygy geçirildi. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport merkezinde geçirilen duşuşyga ýerli häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, kärhanalaryň we guramalaryň zähmet toparlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan hödürlenen dalaşgäriň şahsy we işewür häsiýetleri bilen tanyşdyryldy. R. Durdyýewiň ynanylan wekili dalaşgäri ýokary hünärli hünärmen, uly abraýdan peýdalanýan ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirdi.
R.Durdyýew çykyş edip, ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady we tebigy kuwwatyny, türkmen halkynyň häzirki we geljekki nesilleriniň bähbidine durmuşa geçirmäge ýardam berjek wezipeleriň birnäçesini kesgitledi.Uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan we gaýtadan işlenilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmak, ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerini kämilleşdirmek bellenilýär. Şeýle hem nebithimiýa pudagynyň ösdürilmegi, türkmen “mawy ýangyjyny” we elektrik energiýasyny daşary bazarlara çykarmagyň ugurlary diwersifikasiýalaşdyrylar.
Mekdepleri we çagalar baglaryny, ýokary okuw mekdeplerini, hassahanalary, şypahana-sagaldyş merkezlerini hem-de beýleki durmuş maksatly desgalary gurmak işleri dowam etdiriler. Oba hojalygynda düýpli özgertmeleri geçirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ekerançylary netijeli zähmeti, ýokary hasyl almaklary üçin zerur mümkinçilikleri döretmek möhüm wezipeler hökmünde görkezildi.
R.Durdyýew özüniň maksatnamasy barada saýlawçylaryň sowallaryna jogap bermek bilen, ýurdumyzyň günbatar sebitini ösdürmek bilen baglanyşykly işler, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, raýatlaryň ýaşaýyş jaý üpjünçiligi boýunça öňde goýlan wezipeler barada aýtdy.
2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimize Amerika...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşy...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz T...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...
Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli gatna...
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 14–18-nji sentýabry aralygynda paýtagtymyzda saparda bold...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ýerli çig malyň esasynda öndürilýän önümçilikleriň gerimini giňeltmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häz...
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 31-nji awgusty 3-nji sentýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatl...