TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

05 Mart

Hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklar ösdürilýär. Bitaraplyk we parahatsöýüjilik ýörelgelerine eýerýän Türkmenistan goňşy we dost-doganlyk döwletler bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýär.

Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýy­lyň 1-2-nji martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça Antalýa şäherinde geçirilen üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşdy.

Gahryman Arkadagymyz forumyň çäklerinde Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy. Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Gahryman Arkadagymyzy mähirli mübärekläp, Türkiýä gelip görmäge we üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, bilelikdäki tagallalar esasynda ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan döwletara gatnaşyklaryň ynanyşykly  we netijeli häsiýetini nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin we Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmaga çakylygy üçin Prezident Rejep Taýyp Ärdogana minnetdarlyk bildirdi. Gahryman Arkadagymyz Türkiýe Respublikasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.

Şeýle-de, mümkinçilikden peýdalanyp, Türkiýäniň Prezidentini 70 ýaş ýubileýi mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary, köpýyllyk döwletara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine goşan uly şahsy goşandy üçin, türk Liderine Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyň dakylmagy bilen  tüýs ýürekden gutlady, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri halkymyzyň asylly däbine görä, türk Liderine 70 ýaş ýubileýi mynasybetli türkmen milli içmegini sowgat berdi. Däp bolşy ýaly, içmek il içinde uly abraýdan peýdalanýan adamlara aýratyn hormatyň nyşany hökmünde gowşurylýar.

Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Prezident Rejep Taýyp Ärdogan türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesine kanagatlanma bildirdiler. Halklarymyzyň taryhyň dowamynda emele gelen umumylygyna esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýändigi nygtaldy. Türkmenistan we Türkiýe köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen, «Bir millet — iki döwlet» ýörelgesinden ugur alýarlar. Bu bolsa ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasdaky netijeli gatnaşyklar üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türk Liderini Türkmenistana sapar bilen gelmäge hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli halkara çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşyk tamamlanandan soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Gol çekilen resminamalar:

– Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda uglewodorod serişdeleri babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça meýiller hakynda Jarnama; 

– «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi babatda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; 

– «Türkmenistan awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Türk aeronawtika birleşigi uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama.

Mälim bolşy ýaly, Antalýa diplomatiýa forumy (ADF) möhüm ählumumy we sebit meseleleri boýunça pikir alyşmak, häzirki zamanyň wehimleriniň çözgütlerini tapmak, hyzmatdaşlygyň täze netijeli ugurlaryny işläp taýýarlamak üçin giň dialog meýdançasyny döretmäge gönükdirilen başlangyçdyr.

Ýokary derejeli çäre Antalýa şäheriniň «Nest» kongresler merkeziniň «Amfiteatr» mejlisler zalynda geçdi. Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bu köptaraplaýyn duşuşyga gatnaşýan wekiliýetleriň ýolbaşçylaryny mähirli mübärekledi. Soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow  foruma gatnaşyjylaryň öňünde çuň many-mazmunly çykyş etdi.

Soňra  Gahryman Arkadagymyz žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi.

Iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk we «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy.

03 Sent
Ýurdumyzda täze bilim ojagy açyldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we t...

28 Awg
BMG-niň Baş sekretarynyň hoşallyk haty

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy. Beýan edilişi ýaly, Antoniu Guterriş hatynda şu ýylyň 5 – 8-...

21 Awg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljek senesi kesgitlenildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň 20-nji awgustda kabul eden kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Aşgabat şäherindä...

22 Iýul
Saýlaw ulgamynyň işi kämilleşýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň her biri halk bähbitlidir, röwşen geljegimiziň berk binýadydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman...

18 Iýul
Türkmen azerbaýjan dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 16-17-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...

09 Iýul
Halkara maslahata ýokary derejede taýýarlyk görülýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýokary derejede durmuşa geçir...

18 Iýun
«Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammiti

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Astana şäh...

12 Iýun
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanda...