TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

09 Iýul

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi

2024-nji ýylyň 9-njy iýulynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň gün tertibine Aşgabat şäheriniň saýlaw toparynyň ýolbaşçysynyň we saýlawlara syn etmek boýunça alnyp barlan işleriň netijeleri barada milli synçylar boýunça jogapkär wekilleriň habarlary esasynda, şu ýylyň 7-nji iýulynda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine geçirilen saýlawlaryň netijelerini jemlemek, tassyklamak we yglan etmek bilen bagly bolan meseleler girizildi.

Mejlisde bellenilişi ýaly, Aşgabat şäheriniň üç saýlaw okrugynda geçirilen saýlawlar demokratik ýörelgeler esasynda, bäsleşik, açyklyk we aýanlyk şertlerinde geçip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy   döwründe, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.

Saýlaw möwsüminiň dowamynda ähli saýlaw işine degişli çäreler hereket edýän milli kanunçylygyň we umumy ykrar edilen halkara kadalarynyň talaplaryna laýyk derejede öz wagtynda geçirildi. Saýlaw okruglarynyň çäginde ýerleşýän 60 saýlaw uçastogynda ses bermek çäresi saýlawlar güni sagat 07:00-dan 19:00-a çenli guramaçylykly geçirildi. Şeýle hem öňünden ses bermek çäresi 2024-nji ýylyň 27-nji iýunyndan 6-njy iýuly aralygynda saýlaw uçastoklarynda sagat 08:00-dan 18:00-a çenli geçirildi. Saýlawlaryň öňüsyrasynda bolşy ýaly, saýlawlaryň geçýän döwründe saýlawçylaryň işjeňligi syýasy-jemgyýetçilik çäräniň esasy aýratynlygy boldy. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglarynda geçirilen saýlawlarda saýlawçylaryň sanawyna girizilen   86 müň 641 saýlawçydan 79 müň 121-si öz seslerini berdiler. Munuň özi saýlawlarda ses bermek hukugyna eýe bolan raýatlaryň 91,32 göteriminiň gatnaşandygyny aňladýar.

Mejlisiň dowamynda Aşgabat şäheriniň saýlaw saýlaw toparynyň   başlygynyň saýlawlaryň netijelerini jemlemek boýunça alnyp barlan işler baradaky hasabaty diňlenildi. Saýlaw kodeksine laýyklykda, demokratik ýörelgeler esasynda, geçirilen saýlawlarda saýlaw okruglarynyň 3–sinde hem bir orna üç dalaşgär bellige alyndy, munuň özi bu saýlawlaryň bäsleşik esasynda geçirilendigini görkezýär. Netijede, 9 dalaşgäriň arasynda, ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň köplügini alan dalaşgärleriň 3-si Mejlisiň deputatlygyna saýlandy.

Hereket edýän milli kanunçylyga laýyklykda, saýlananlaryň sanawlary ýakyn günlerde ilatyň dykgatyna ýetiriler.

Saýlawlar bilen baglanyşykly çäreleriň ähli tapgyrlarynyň geçirilişine Türkmenistanyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan bellenilen milli synçylaryň 76-sy syn etdi.

Saýlawlara syn etmek boýunça alnyp barlan işleriň netijeleri hakynda syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi edaralarynyň milli synçylar boýunça jogapkär wekilleriniň habarlary diňlenildi. Habarlardan mälim bolşy ýaly, milli synçylar saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde we hiç hili düzgün bozulmasyz geçirilendigini nygtadylar.

Mejlisiň ahyrynda Merkezi saýlaw toparynyň başlygy mejlise gatnaşanlara ýüzlenip, Aşgabat şäherinde saýlaw okruglarynyň üçüsinde Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine geçirilen saýlawlary guramaçylykly geçirmäge gatnaşanlara, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine saýlaw möwsüminiň maglumat taýdan netijeli üpjün edilendigi we ony guramaga jogapkärli gatnaşandyklary üçin hoşallyk sözlerini aýtdy.

05 Noý
Hormatly Prezidentimiz möhüm desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 2-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuww...

28 Okt
Türkmenistan — Italiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Italiýa Respublikasyna...

21 Okt
TOPH gaz geçiriji taslamanyň Serhetabat — Hyrat tapgyryna badalga berildi

Mälim boşy ýaly, 2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan ga...

20 Okt
Birleşen Milletler Guramasyndan gelen hoş habar

2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimize Amerika...

16 Okt
Täze önümçilik desgasynyň düýbi tutuldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 15-nji okt­ýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşy...

13 Okt
«Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammiti we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz T...

08 Okt
Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýy­lyň 7-nji okt­ýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...

25 Sent
Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylyga gönükdirilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk

Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli gatna...