2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimize Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar barada habar berildi. Onda şu ýylyň 14-nji oktýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisiniň dowamynda «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi barada aýdylar.
Bu resminama BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 57 döwletiň awtordaşlygynda kabul edildi. Şeýlelikde, resminamada deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ykdysady kuwwatyny berkitmekde we olaryň dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagynda halkara raýdaşlygyň ähmiýeti nygtalýar, şeýle hem durnukly ulag ulgamynyň, sanly we energetika infrastrukturasynyň, söwdanyň we ekologiýanyň ösdürilmeginiň möhüm ähmiýeti bellenilýär.
Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň ýakyndan goldaw bermeginde şu ýylyň 5 – 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty üstünlikli geçirildi. Halkara foruma gatnaşmak maksady bilen, 104 döwletden, 46 halkara guramasyndan wekiliýetler ýurdumyza sapar bilen geldiler. Maslahatyň çäklerinde jemi plenar mejlisleriň 6-sy, ýokary derejeli «tegelek stol» duşuşyklarynyň 5-si, ýokary derejedäki forumlaryň 7-si, hem-de ugurdaş çäreleriň 40-a golaýy geçirildi. Halkara maslahatyň netijeleri boýunça Awaza syýasy Jarnamasy, şeýle-de Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin 2024 – 2034-nji ýyllar boýunça Hereketleriň Awaza maksatnamasy kabul edildi.
Mejlisde hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyza Birleşen Milletler Guramasyndan hoş habaryň gelip gowşandygyny aýdyp, Ministrler Kabinetiniň agzalaryny «Awaza syýasy jarnamasy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. «BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde «Awaza syýasy jarnamasy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejede geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň uly ähmiýetini ýene bir gezek tassyklaýar. BMG-ä agza ýurtlaryň köpüsiniň bu Kararnamany goldamagy, köp sanly ýurtlaryň oňa awtordaş bolup çykyş etmegi biziň üçin uly abraýdyr» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
«Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň ýokary halkara abraýynyň hem-de ählumumy derejesinde hemişelik bitaraplyk, parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk ýörelgelerini ilerletmekde öňdebaryjy ornunyň nobatdaky tassyknamasy boldy.
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan bilen Gazagysta...
Hormatly Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň gerimi barha giňeýär. Hormatly Prezidentimiziň rugsat bermegi esasynda hem-de saýlawlary g...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 4-7-nji noýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ABŞ-nyň Prezidenti...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 2-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuww...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Italiýa Respublikasyna...
Mälim boşy ýaly, 2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan ga...