Asylly däbe görä, her ýylyň aprel aýynda Türkmenistanda hem Bütindünýä saglyk güni bellenilýär. Ýurdumyzda köp sanly sport, bedenterbiýe-sagaldyş hereketleri, medeni, sungat we beýleki çäreler ýaýbaňlandyrylýar. Döwletimizde köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, sport medeniýetini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär . Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Onuň çäklerinde häzirki zaman lukmançylyk merkezleri, şypahanalar, derman kärhanalary we milli saglygy goraýyş ulgamyny täze derejä göteren beýleki ugurdaş desgalar yzygiderli gurulýar. Türkmenistan häzirki zaman sport-sagaldyş düzüminiň giňeldilmegine hem-de onuň halkara ülňülerine laýyk gelmegine ägirt uly serişde gönükdirýär. Ýurdumyzda gurulýan ähli bilim we mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň taslamalary ýokary derejede enjamlaşdyrylan sport zallaryny, basketbol we woleýbol meýdançalaryny, ýüzülýän howuzlary, tennis kortlary we beýlekileri öz içine alýar.
Häzirki döwürde ýurdumyzda Halkara Olimpiýa komiteti we dürli sport federasiýalary bilen ýygjam hyzmatdaşlykda sportuň köp görnüşleri, şol sanda awtomobil sporty, hokkeý ýaly görnüşleri işjeň ösdürilýär. Aşgabatda ähli amatlyklary özünde jemleýän Olimpiýa şäherçesi hereket edýär.
Ýurdumyzda sport bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredildi. Bu bolsa her bir adamyň beden taýdan sagdyn bolmagyna mümkinçilik berýär.
Dünýä standartlarynyň ýokary talaplaryna kybap gelýän sport üpjünçilik ulgamyna eýe bolan Türkmenistanyň iri halkara ýaryşlaryny geçirmekde örän baý tejribesiniň bardygyny bu gün, ýagny Halkara saglyk güni bellemek aýratyn ýakymlydyr.
Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...
2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan bilen Gazagysta...