Mälim bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine geçiriljek saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görülýär. Bu jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlyk görmegiň çäklerinde häzirki wagtda Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, Agrar partiýadan, şeýle hem raýatlar toparlaryndan wekilleri hödürlemek boýunça mejlislerdir ýygnaklar geçirilýär.
Saýlaw kodeksine laýyklykda, dalaşgärleri hödürlemek boýunça geçirilýän mejlislerde we ýygnaklarda dalaşgärlige hödürlenilýänleriň çäklendirilmedik sany ara alnyp maslahatlaşylyp, ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň deputatlygyna halkyň has mynasyp wekilleri dalaşgärlige hödürlenilýär. Ähli saýlaw okruglarynda bir deputatyň ýerine birnäçe dalaşgär hödürlenilýär. Munuň özi saýlawlaryň giň bäsdeşlik esasynda geçirilýändigini görkezýär.
Çykyş edýänler her bir dalaşgärlige hödürlenilýäniň terjimehaly, il içindäki, işdeşleriniň arasyndaky abraýy, guramaçylyk ukyplary bilen ýakyndan tanyşdyrýarlar. Dalaşgärleriň uly abraýdan peýdalanýan zähmetsöýer adamlardygyny, olaryň hatarynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işleýän tejribeli hünärmenleriň bardygyny bellemek gerek.
Jemgyýetçilik-syýasy çärä milli synçylaryň gatnaşmagy saýlawlaryň açyklyk esasynda, kadalara laýyklykda geçirilmegine ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, bu saýlawlarda syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary we raýatlar toparlary tarapyndan bellenilen milli synçylaryň 76-sy bellige alyndy hem-de olara şahsyýetnamalar gowşuryldy.
Merkezi saýlaw topary tarapyndan okrug, uçastok saýlaw toparlary, dalaşgärler, olaryň ynanylan adamlary, synçylar üçin olaryň ygtyýarlyklary, bu syýasy çäräni geçirmegiň düzgünleri bilen tanyşdyrýan ýörite gollanmalar taýýarlanyldy. Häzirki wagtda üç okrugyň çäklerinde 60 saýlaw uçastogy hereket edýär.
Şeýlelikde, saýlaw möwsüminiň möhüm tapgyrlarynyň biri bolan dalaşgärleri hödürlemek çäresi, 6-njy iýuna çenli, olary bellige almak bolsa 11-nji iýuna çenli dowam eder.
As part of the preparatory work for the elections of members of the halk maslahaty of the newly formed etraps in Turkmenistan, as well as early drop out of deputies of the Mejlis of Turkmenistan, memb...
At a recent meeting of the Central Commission for holding elections and referendums in Turkmenistan was announced that the election campaign for the election of members of the halk maslahaty of the ne...
The President of Turkmenistan, Supreme Commander-in-Chief of the Armed Forces of Turkmenistan, General of the Army Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to the Lebap Velayat on January 24, 2026....
In accordance with action plan for the preparation and organized hold of elections of members of the halk maslahaty of the newly formed etraps of Turkmenistan, as well as early drop out of deputies of...
74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...
In accordance with the resolution of the Mejlis of Turkmenistan dated January 7, 2026, elections of members of the halk maslahaty of the newly formed etraps in Turkmenistan – the Altyn Asyr etrap of t...
In accordance with articles 4, 85 and 87 of the Electoral Code of Turkmenistan, the resolution of the Mejlis of Turkmenistan dated January 7, 2026 determined: To hold elections of members of the Ha...
On June 28, 2025, the Law of Turkmenistan «On the Unified State Register of Voters» was adopted. The law entered into force on January 1, 2026. Thus, this law, which entered into force on January 1...