2026-11-09
Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 5-6-njy noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Astana şäherinde geçirilen emeli aň ulgamynda howpsuzlyk boýunça Akaba prosesiniň Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlary derejesindäki duşuşygyna gatnaşdy.
Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky strategik dialog köpasyrlyk dostluk gatnaşyklaryna, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar. Bu günki gün ikitaraplaýyn gatnaşyklar özara ynanyşmagyň ýokary derejesini görkezip, hil taýdan täze sepgitlere çykarylýar.
Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we dostlukly ýurduň resmi adamlary, şeýle hem ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow emeli aň ulgamynda howpsuzlyk boýunça Akaba prosesiniň Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlary derejesindäki duşuşygyna gatnaşmak üçin çäräniň geçirilýän ýerine — Garaşsyzlyk köşgüne bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hem-de Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II mähirli garşyladylar we bilelikde ýadygärlik surata düşdüler. Ähli wekiliýet Baştutanlarynyň bilelikde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra sammit öz işine başlady.
Bu ýokary derejeli duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti, Iordaniýanyň Patyşasy, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti, Azerbaýjan Respublikasynyň Milli mejlisiniň başlygy, Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, GDA-nyň ugurdaş edaralarynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wekilleri, emeli aň howpsuzlygy ulgamyndaky halkara bilermenler we beýlekiler gatnaşdylar.
Sammitiň gün tertibine emeli aň ulgamynda howpsuzlygy üpjün etmek, kiberhowplara garşy durmak hem-de bu ugurda Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň ugurdaş düzümleriniň hem-de maglumat tehnologiýalary ulgamynyň wekilleriniň tagallalaryny birleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sammitde çykyş etmek bilen, ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlary beýan etdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Merkezi Aziýada we tutuş dünýäde berk howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny hem-de Akaba prosesiniň maksatlaryny we wezipelerini durmuşa geçirmäge netijeli goşandyny goşmaga taýýardygyny tassyklady.
Şeýle hem sammitiň dowamynda sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Soňra Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II ibn Al Husseýn bilen duşuşdy.
Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, emeli aň ulgamynda howpsuzlyk boýunça Akaba prosesiniň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlary derejesindäki duşuşygyň çäklerinde duşuşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, Türkmenistanyň hem-de Iordaniýanyň dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge we özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändiklerini bellediler.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Iordaniýa bilen deňhukukly we özara hormat goýmak esasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydygyny tassyklap, şu duşuşygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge we hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge möhüm goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Söhbetdeşler emeli aň tehnologiýalaryny ulanmak, kiberhowp-suzlygy üpjün etmek hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar.
Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Patyşa Abdulla II-ni özi üçin islendik amatly wagtda sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Iordaniýanyň Patyşasy çakylygy hoşallyk bilen kabul edip, şu günki duşuşygyň döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň Astanada geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşmagy ýurdumyzyň parahatçylygyň, durnuklylygyň we ählumumy howpsuzlygyň bähbidine köptaraplaýyn dialoga ygrarlydygyny nobatdaky gezek tassyklady. Hormatly Prezidentimiziň ählumumy kiberhowpsuzlygyň täze arhitekturasyny kemala getirmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlary hem-de teklipleri bolsa sammite gatnaşyjylaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy.
