Habarlar

Makalalar

Wideo

Ýurdumyzda güýzki bag ekmek möwsümine badalga berildi

2026-11-09

Ýurdumyzda güýzki bag ekmek möwsümine badalga berildi

7-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi.

Ýurdumyzda her ýylda ýazyň ilkinji we güýzüň soňky günlerinde ählihalk bag nahallaryny ekmek dabaralaryny geçirmek asylly däbe öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz her ýylyň ýazky we güýzki ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşyp, ähli ildeşlerimiziň kalbynda buýsanç döredýärler. Munuň özi ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde beýik işlerdir.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde bedew bady bilen okgunly ösýän Diýarymyzda alnyp barylýan giň möçberli maksatnamalaryň özara sazlaşygy ösüşleriň netijelerini görkezýär. Şol maksatnamalaryň hatarynda, ozaly bilen, «Türkmenistanyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyna» laýyklykda alnyp barylýan döwrebap işleriň uly ähmiýete eýe bolýandygyna göz ýetirýärsiň.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan ekologiýa strategiýasy diňe bir milli bähbitleri öz içine alman, eýsem, tutuş adamzadyň abadançylygyna gönükdirilen ählumumy meseleler bilen hem berk baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda döwletimiz tarapyndan ekologiýa diplomatiýasyny ösdürmek, tebigy baýlyklary aýawly saklamak we «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek ugrunda wajyp ädimler ädilýär.

Ählihalk bag ekmek dabarasy diňe bir ekologiýa çäresi bolman, jemgyýetde jebisligi pugtalandyrmaga ýardam berýän möhüm medeni-durmuş wakasydyr. Ol ýaş nesilde tebigata aýawly garamak, daşky gurşaw bilen sazlaşykly ýaşamak medeniýetini kemala getirýär.

Täsin tebigy gözelliklere baý bolan eziz Diýarymyzyň ösümlikdir haýwanat dünýäsi özboluşlylygy, özüne çekijiligi jähetden hem tapawutlanýar. Tebigatyň ynsana eçilen bu ajaýyp gözelliklerini goramak we biodürlüligi baýlaşdyrmak her bir raýatyň jana-jan borjudyr. Bag ösdürip ýetişdirmegi, guýy gazmagy, köpri gurmagy iň bir sogaply işleriň hatarynda goýan ata-babalarymyzyň ajaýyp däp-dessurlary çuň many-mazmun bilen gurşalandyr. Biziň häzirki günlerimizde bu ajaýyp däbe eýerilip, her ýylda miweli we saýaly agaçlaryň millionlarça düýbi oturdylýar.

Paýtagtymyzdaky Döwlet münberiniň günorta-günbatar tarapynda geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasyna ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi, şol sanda ýurdumyzdaky daşary döwletleriň diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, halk köpçüligi gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, bag ekmek üçin ýörite taýýarlanylan ýere bardy. Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy mähirli mübäreklediler. Bu ýerde ýaş nesliň wekili Arkadagly Gahryman Serdarymyzdan bag ekmek dabarasyna badalga bermegi haýyş etdi. Soňra hormatly Prezidentimiz bag nahalyny oturdyp, güýzki ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berdi.

Dabara gatnaşyjylaryň ählisi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesine eýerip, bag nahallaryny oturtmaga girişdiler. Dürli görnüşli nahallaryň bu künjegiň toprak-howa şertleri nazara alnyp ekilmegi dag etegindäki giňişliklerde tokaý zolaklaryny döretmäge mümkinçilik berer.

Şeýle-de, şol gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde hem ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň çäklerinde ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz mähirli garşylanyldy.

Dabara gatnaşýan körpe nesliň wekili joşgunly goşgy setirleriniň üsti bilen Gahryman Arkadagymyzdan köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek çäresine badalga bermegini haýyş etdi.

Milli Liderimiz bu ýerde ilkinji bag nahalyny oturdyp, Arkadag şäherinde ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berdi. Munuň özi asylly işleriň halkymyzyň dünýä nusgalyk ýagşy dessurlary bilen utgaşýandygynyň güwäsidir.

Arkadag şäheriniň çäginde geçirilýän ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideriniň göreldesine eýerip, uly joşgun bilen köpçülikleýin bag nahallaryny ekdiler. Bu çärä şäheriň ähli ýaşaýjylary, edara-kärhanalaryň işgärleri, şol sanda «Arkadag» futbol toparynyň futbolçylary hem uly höwes bilen gatnaşdylar.

Tutuş ýurdumyz boýunça geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasynyň dowamynda 537 müň 900 düýp bag nahaly ekildi. Şeýle hem seýilgähleri we tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde, jemi 1 million 947 müň 396 düýp baga ideg etmek işleri geçirildi.

Şeýlelikde, bu giň möçberli çäre ýurdumyzyň ekologik abadançylygy üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça ählumumy tagallalara goşýan mynasyp goşandynyň aýdyň güwäsi boldy.