2026-11-20
Mälim bolşy ýaly, 18-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Oňa Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary, Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň, beýleki döwlet, häkimiýet, jemgyýetçilik edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Mejlisiň gün tertibine Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň netijeleri boýunça durmuşa geçirilýän işler, «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» milli Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeler, «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny» amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işler, ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmekde öňde goýlan wezipeler we «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyny» durmuşa geçirmek, «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny, ahalteke bedewlerini we atçylyk sungatyny halkara derejede giňden beýan etmek maksady bilen, ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde geçirilýän giň gerimli halkara çäreler bilen bagly meseleler, şeýle hem birnäçe beýleki soraglar girizildi.
Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmagyň müňlerçe ýyl bäri halkymyzyň durmuşynda dowam edip gelýän däpleriň biridigini belläp, ýakynda ýurdumyzda berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň ýokary derejede, giňden bellenilendigini aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam edip, 23-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň giň wekilçilikli mejlisiniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalarynyň biri bolandygyny belledi. Bu taryhy mejlisde Garaşsyz döwletimizde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlendi. Şeýle hem döwrüň talaplaryndan, täze ykdysady şertlerden ugur alyp, täze taryhy döwürde öňümizde durýan wajyp wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzy mundan beýläk-de toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen taryhy ähmiýetli birnäçe çözgütleri kabul edip, degişli Permanlara gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiziň Halk Maslahatynyň mejlisinde «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» atly milli Konsepsiýa gol çekmegi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugry bilen berk baglanyşyklydyr. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna ygrarly bolmaga aýratyn ähmiýet berýär. Bu möhüm resminama halkara hukugyň düzgünlerini berkitmäge, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli senagatlaşma syýasatynyň täze tapgyra gadam basýandygyny aýdyň görkezýär diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.
Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden bäri ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyny» tassyklady. Täze maksatnama ýurdumyzyň ýaşlar baradaky syýasatyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça 2031-nji ýyla çenli anyk wezipeleri öz içine alýar. Milli Liderimiz türkmen halkynyň milli mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan ahalteke bedewleriniň arassa tohumyny gorap saklamagyň, atçylyk we atly sport pudagyny ösdürmegiň, milli seýisçilik däplerini kämilleşdirmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýandygyny, hormatly Prezidentimiziň bu asylly işleri täze derejede üstünlikli dowam etdirýändigini belledi.
Milli Liderimiz öňde goýlan möhüm wezipelerden ugur alnyp, şeýle-de «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň 15-nji we 16-njy maddalarynyň düzgünlerine laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň çagyrylandygyny we şu mejlisiň gün tertibine Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň netijeleri boýunça durmuşa geçirilýän işler we öňde durýan wezipeler bilen bagly soraglaryň girizilendigini nygtady.
Soňra Gahryman Arkadagymyz çykyş etmek üçin degişli adamlara söz berdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde ýurdumyzyň bedew batly ösüşiniň aýdyň beýan edilendigini, geljek döwürde öňde durýan möhüm wezipeleriň kesgitlenilendigini, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny yzygiderli artdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini jemläp, şu mejlisiň gün tertibinde göz öňünde tutulan meselelere seredilendigini, birnäçe meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy we mejlise gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň şu gezekki mejlisi ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm waka öwrülip, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Watanymyzy mundan beýläkde durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek üçin halkymyzy täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrdy.
