TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

10 Ýan

Şu ýylky saýlawlar 2007 we 2012-nji ýyllaryň Prezident saýlawlaryndan düýpli tapawutlanýar

Saýlawlar täze şertlerde we kämilleşdirilen hukuk giňişliginde geçirilýär. Mysal üçin, ilkinji gezek Prezident saýlawlaryna syýasy partiýalaryň üçüsi: Demokratik, Senagatçylar we telekeçiler hem-de Agrar partiýalary gatnaşýarlar. Täze hukuk giňişliginde geçirilýän häzirki saýlawlar Türkmenistanyň Saýlawlar kodeksinde kanun tarapyndan berkidilendir. Ol 2013-nji ýylda kabul edildi we umumy kabul edilen halkara kadalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy. Kodekse laýyklykda Türkmenistanda doglan, ýaşy 40-dan az bolmadyk, döwlet dilini bilýän, soňky 15 ýylda ýurtda hemişelik ýaşaýan we işleýän raýat Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärlige hödürlenip bilner. 

Saýlaw kodeksine laýyklykda dalaşgärlige hödürlemek hukugy syýasy partiýalara, şeýle hem raýatlaryň teklipçi toparyna degişlidir. Türkmenistanyň Demokratik partiýasy 1991-nji ýylda, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy 2012-nji ýylň awgust aýynda , Agrar partiýa 2014-nji ýylyň senrýabr aýynda döredildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2016-njy ýylyň sentýabrynda geçirilen Ýaşulylar geňeşiniň mejlisinde şu partiýalaryň bäsleşiginiň ýurduň syýasy durmuşyna täze röwüş berjekdigini, giň bäsdeşligi üpjün etjekdigini hem-de jemgyýetiň we her bir raýatyň syýasy medeniýetini ýokarlandyrmaga ýardam etjekgini, halkyň we häkimiýetiň jebisligini berkitjekdigini, demokratik düzümleri jebisleşdirjekdigini belledi. 

Partiýalaryň üçüsi-de Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärleri kesgitlediler: Demokratik partiýa häzirki döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowy; Senagatçylar we telekeçiler partiýasy „Rysgal“ Täjirçilik paýdarlar bankynyň müdirýetiniň başlygy Begmyrat Atalyýewi; Agrar partiýa- partiýanyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Durdygylyç Orazowy hödürlediler. 

Saýlawlarda raýatlaryň teklipçiler toparlarynyň altysy döredildi. Olardan Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary Maksat Kowusowiç Annanepesow; Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jumanazar Annaýew; Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän kärhanasynyň direktory Remezan Mutapagulyýewiç Durdyýew; Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary Meretdurdy Isgenderowiç Gurbanow; Ahal welaýatynyň ykdysadyýet we ösüş baş müdirliginiň başlygy Serdar Begmuhammedowiç Jelilow; „Garabogazsulfat“ ÖB-niň baş direktory Süleýmannepes Oraznepesowiç Nurnepesow dagy Prezidentlige dalaşgärlige hödürlenildi. 

2012-nji ýylyň Prezident saýlawlarynda teklipçiler toparlarynyň dokuzysy saýlawlara gatnaşmaga isleg bildirdiler, emma olardan diňe iki topar öz dalaşgärini hödürlemek üçin zerur sesleri toplap bildiler. Häzirki saýlawlarda toparlaryň altysynyň hemmesine sesleriň zerur sanyny toplamak başartdy, bu bolsa türkmen jemgyýetiniň raýatlyk kämilligine, halkyň ýurduň syýasy durmuşyna işjeň gatnaşýanlygyna şaýatlyk edýär. 

Saýlawlary kämilleşdirmek üçin Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkez çareleriň geçirilmeli möhletini we zerur resminamalaryň sanawyny tassyklady. Saýlaw uçastoklarynyň 2586-sy döredildi. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalaryda saýlaw uçastoklarynyň 39-sy döredildi. 

Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkeziň hünärmenleri etraplara we welaýatlara yzygiderli gidip, uçastok saýlaw toparlarynyň agzalary üçin okuwlar geçýärler. Alnyp barylýan işleriň iň möhüm şerti--maglumat üçpjünçiligidir, onuň işjeňligini Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkeziň ýörüteleşdirilen saýty üpjün edýär.

Irina YMAMGULYÝEWA

14 Ýan
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisi geçirildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň  7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...

08 Ýan
Ýurdumyzda döredilen täze etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlary geçiriler

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen:  Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...

06 Ýan
Täze Kanun güýje girdi

2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...

25 Dek
Okuw maslahatlary geçirildi

Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...

25 Dek
Sankt-Peterburgda GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...

24 Dek
BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...

23 Dek
«Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...

10 Dek
Okuw maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...