TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

11 Ýan

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär M.Annanepesowyň Ahal welaýatynda saýlawçylar bilen duşuşygy

Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan Türkmenistanyň Prezidentligine saýlaw möwsüminiň çäklerinde Ahal welaýatynyň saýlawçylarynyň döwlet Baştutany wezipesine dalaşgär, Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary Maksat Annanepesow bilen duşuşygy boldy. Duşuşyk Änew şäheriniň Medeniýet öýünde geçdi. Oňa ýerli häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, sebitiň jemgyýetçilik guramalarynyň, edara-kärhanalaryň zähmetkeşler toparlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. 

Ilki bilen, dalaşgäriň ynanylan wekili ýygnananlary raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan hödürlenen dalaşgäriň zähmet ýoly hem-de şahsy häsiýetleri bilen tanyşdyrdy. Ol dalaşgäri abraýly, örän uly iş tejribesi hem-de bilimi bolan işbaşarjaň ýolbaşçy, ýurduna hem-de halkyna wepaly pähim-paýhasly adam hökmünde häsiýetlendirip, saýlawçylara saýlaw gününde M.Annanepesow üçin öz seslerini bermeklerini maslahat berdi. 

Soňra ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň özi çykyş etdi. M.Annanepesow ýygnananlara mähirli garşylandyklary üçin hoşallyk bildirip, häzir öz durmuşynda iň jogapkärli we tolgundyryjy pursadyň gelip ýetendigini belledi. Ol döwlet Baştutany wezipesine hödürlenmegiň hiç zada deňäp bolmajak hormatynyň halkyň ynamyny ödemek üçin ähli gujur-gaýratyňy gaýgyrmazlyga borçly edýändigini aýdyp, Watanymyzyň we türkmen halkynyň mundan beýläk hem gülläp ösmegine gönükdirilen saýlaw maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan etdi. 

Ýurdumyzyň Prezidenti wezipesine dalaşgäriň nygtamagyna görä, ol «Açyk gapylar» syýasatyny dowam etdirmegi, milli bähbitlerimize gabat gelýän halkara hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmegi, Türkmenistanyň parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde abraýyny mundan beýläk hem ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Içeri syýasatyň esasy ugurlary durmuş üpjünçiligi, ulag we aragatnaşyk, nebitgaz ulgamlarynda we beýleki pudaklarda, zawodlaryň we fabrikleriň, önümçilik desgalarynyň gurluşygynda özgertmeleri hemmetaraplaýyn giňeltmekden we çuňlaşdyrmakdan, halkara forumlaryň, sergileriň, ylmy maslahatlaryň netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. 

Soňra ýurduň mundan beýläkki ösüşi barada bolan gyzykly söhbetdeşligiň barşynda M.Annanepesow ýygnananlaryň köp sanly sowallaryna jogap berdi hem-de saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasynyň käbir bölümlerini anyklaşdyrdy. 

Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär üns bilen diňländikleri üçin ýygnananlara hoşallyk bildirip, döwletimiziň mundan beýläk hem ösmegi, türkmen halkynyň bagtyýar hem-de abadan durmuşy üçin özüniň ähli gujur-gaýratyny hem-de başarnygyny gaýgyrmajagyna saýlawçylary ýene bir gezek ynandyrdy.

04 Dek
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...

02 Dek
Täze döredilen etraplaryň saýlaw toparlary döredildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...

28 Noý
Täze belentlikleri nazarlaýan türkmen-gazak hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan bilen Gazagysta...

20 Noý
Saýlaw ulgamynda halkara tejribesi öwrenilýär

Hormatly Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň gerimi barha giňeýär. Hormatly Prezidentimiziň rugsat bermegi esasynda hem-de saýlawlary g...

10 Noý
«Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky sammit

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 4-7-nji noýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ABŞ-nyň Prezidenti...

05 Noý
Hormatly Prezidentimiz möhüm desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 2-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuww...

28 Okt
Türkmenistan — Italiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Italiýa Respublikasyna...

21 Okt
TOPH gaz geçiriji taslamanyň Serhetabat — Hyrat tapgyryna badalga berildi

Mälim boşy ýaly, 2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan ga...