TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

13 Iýun

BMG-den gelen hoş habar

2022-nji ýylyň 11-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň san­ly ul­gam arka­ly iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. Iş maslahatynda

— 2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynda kabul edilen Aşgabat Jarnamasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilmegi, şeýle-de Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň    77-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanandygy baradaky hoş habarlaryň gelip gowşandygy habar berildi.

Munuň özi Türkmenistana, döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän daşary syýasatyna, umuman, ýurdumyzda ýaýbaň­landyrylan giň möçberli özgertmeleriň netijelerine ýokary baha berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz bu çözgüdiň ýurdumyzyň Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň nyşanydygyny kanagatlanma bilen belledi. BMG bilen däp bolan gatnaşyklaryň üsti her ýylda täze, anyk mazmun bilen ýetirilýär. Döwlet Baştutanymyz Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy, şol sanda parlamentara ugurda özara gatnaşyklary ösdürmek meselelerinde işjeň orun eýelejekdigini nygtady.

Berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk syýasaty Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açdy. Türkmenistan ähli ugurlar boýunça giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirip, işjeň, täze başlangyçlar bilen halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant goşýar. Munuň özi dünýäniň ähli döwletleriniň we abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatyna, möhüm ähmiýetli başlangyçlaryna uly gyzyklanma bildirýändigini, olary biragyzdan goldaýandygyny aýdyň görkezýär diýip, hormatly Prezidentimiz   belledi.

Döwlet Baştutanymyz watandaşlarymyzy Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk, Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

25 Dek
Okuw maslahatlary geçirildi

Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...

25 Dek
Sankt-Peterburgda GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...

24 Dek
BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...

23 Dek
«Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...

10 Dek
Okuw maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...

04 Dek
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...

02 Dek
Täze döredilen etraplaryň saýlaw toparlary döredildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...

28 Noý
Täze belentlikleri nazarlaýan türkmen-gazak hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan bilen Gazagysta...