TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

16 Iýun

Türkmen — eýran dostluk gatnaşyklary berkidilýär

Bilşimiz ýaly, 2022-nji ýylyň 14-15-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz  dostlukly goňşy döwletimiz bolan Eýran Yslam Respublikasyna resmi iş saparyny amala aşyrdy. Iş saparynyň dowamynda goň­şy döwletiň ýolbaşçy düzümleri bilen ýokary derejedäki ikitaraplaýyn bähbitli döwletara gepleşikler geçirildi.

Häzirki döwürde ýakyn goň­şy ýurt bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk di­ňe bir özara bähbitli esasda däl, eýsem, tutuş sebitde abadançylygyň, rowaçlygyň bähbidine netijeli ösdürilýär. Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda geçirilen ýokary derejedäki duşuşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeň­leşdirilmegine güýçli itergi bolup, bilelikdäki işleriň netijeleri boýunça toplanan tejribeleri hem-de ykdysady mümkinçilikleri nazara alyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bolan çemeleşmeleri kesgitlemekde oňyn şertleri üpjün etdi.

Ýeri gelende bellesek, hormatly Prezidentimiziň  döwlet ýolbaşçysy wezipesinde daşary ýurtlara amala aşyrýan saparlarynyň çäklerinde Tährana guran ilkinji saparydyr. Munuň özi Türkmenistanyň Eýran bilen iki taraplaýyn dostlukly hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 

Iş saparynyň dowamynda iki ýurduň Liderleriniň ikiçäk görnüşdäki duşuşygynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri dünýä döwletleri, ilkinji nobatda, ýakyn goň­şular bilen birek-birege hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Şunda Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge we berkitmäge uly üns berýär diýip belledi.

Soň­ra gepleşikler Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda gi­ňişleýin düzümde dowam etdi.

Gepleşikler tamamlanandan soň­ra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Seýed Ebrahim Raisi dabara gatnaşýanlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda resmi saparyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň­ra, döwlet Baştutanlary metbugat üçin gysgaça ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Mundan başga-da, iş saparynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz «Saadabad» toplumynyň «Jumhuri» köşgünden Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýi bilen duşuşdy. Şeýle-de, hormatly Prezidentimiz Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammed Bager Galibaf bilen duşuşdy.

Soň­ra «Hafeziýe» köşgünde döwlet Baştutanlary eýran halkynyň milli gymmatlyklaryna we goň­şy ýurduň amaly-haşam sungatyna degişli sergini synladylar.

Hormatly Prezidentimiziň Eýran Yslam Respublikasyna şu gezekki saparynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklar iki goňşy döwletiň hem-de olaryň doganlyk halklarynyň bähbidine alnyp barylýan deňhukukly, özara hormat goýmaga we ynanyşmaga esaslanýan türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ösdürilmegine täze itergi berer.

01 Awg
Galla — rysgal-berekediň çeşmesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünlikler halkymyzyň hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak, döwletimiziň ykdysady kuwwaty...

14 Iýul
BMG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda 2022-nji ýylyň 13-nji iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Saýlawlary geçirmegiň talaplaryna baha bermek boý...

01 Iýul
Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň paýtagtymyzda geçen VI sammiti

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni kalbyňy şatlandyrýan buýsançly, taryhy ähmiýetli wakalara beslenýär. Ine, şeýle taryhy wakalaryň biri hem 29-njy iýunda Aşgabat şäherin...

28 Iýun
Dost-doganlyk deňzi: täze garaýyşlar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dost-doganlygyň, parahatçylygyň mekany Türkmenistan beýleki Hazarýaka döwletleri bilen bilelikde sebit we dünýä ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçiri...

16 Iýun
Türkmen — eýran dostluk gatnaşyklary berkidilýär

Bilşimiz ýaly, 2022-nji ýylyň 14-15-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz  dostlukly goňşy döwletimiz bolan Eýran Yslam Respublikasyna resmi iş saparyny amala aşyrdy. Iş saparynyň dowamynda goň­şy döwle...

13 Iýun
BMG-den gelen hoş habar

2022-nji ýylyň 11-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň san­ly ul­gam arka­ly iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. Iş maslahatynda — 2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Aşgabatda geçirilen...

13 Iýun
Ýokary derejede geçirilen gepleşikler

Mälim bolşy ýaly, ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiz  Russiýa Federasiýasyna resmi iş saparyny amala aşyrdy.  Bu sapar strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolan hem-de dostluk, deňhukuklylyk, özara...

10 Iýun
Yhlasly zähmet üstünlige ýetirýär

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda    ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda düýpli özgerişlikler amala aşyrylýar we ýokary depginli ösüş üpjün edilýär. Berkarar döwletiň täze eýýa...