TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

03 Iýul

Arkadag şäheri — täze eýýamyň aýdyň nyşany

Bilişimiz ýaly, 29-njy iýunda ýurdumyzda döredijiligiň, abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň şöhratly ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyljak şanly taryhy waka bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşany bolan Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli giň möçberli dabaralar ýaýbaňlandyryldy. Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan bu täsin şäheriň gurulmagy ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan we häzirki döwürde Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam etdirilýän ägirt uly özgertmeleriň anyk netijesidir. Arkadag şäheriniň Diýarymyzyň gadymy künjekleriniň birinde, pederlerimiziň şöhratly taryhynyň gözbaş alýan ýerinde gurulmagy aýratyn bellärliklidir.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bu ägirt uly şähergurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş ugurly we ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, onuň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Mälim bolşy ýaly, bu iri taslamany iki tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirildi. Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň gazanýan üstünlikleriniň aýdyň mysalydyr. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen we yzygiderli üns-goldaw bermeginde gurluşygyna 2019-njy ýylda badalga berlen, ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäher bu günki gün örän owadan keşbe eýe boldy.

Arkadag şäheriniň açylyşy taryhyň täze sahypasynyň, täze gözýetimleriň, täze mümkinçilikleriň açylyşyna öwrüldi. Onda uly ösüşlerimiz, täze zamananyň belent ruhy aýdyň beýanyny tapdy. Bu dabara Görogly begiň: «Bir toý tutuň, älem galsyn haýrana!», Magtymguly Pyragynyň: «Ýagşylar tutmuş bina, bir şähri gördüm — şondadyr» diýen sözleriniň biziň günlerimizdäki wysaly bolup, döwürlere ýaň salar.

Se­bit­de de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk Ar­ka­dag şä­he­ri ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň güýç-kuw­wa­ty­ny we ägirt uly ösüş müm­kin­çilik­le­ri­ni bü­tin dün­ýä äş­gär ed­ýär. Ar­ka­dag şä­he­ri­niň bi­rin­ji tap­gy­ryn­da je­mi 336 sa­ny döw­re­bap des­ga bi­na edi­lip, şol san­da jem­gy­ýet­çi­lik bi­na­la­ry­nyň 11-si, eda­ra bi­na­la­ry­nyň 25-si, bi­lim eda­ra­la­ry­nyň 19-sy, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň 258-si, sag­lyk we sport bi­na­la­ry­nyň 9-sy, in­že­ner­çi­lik ul­gam­la­rynyň­dyr des­ga­la­ry­nyň 14-si gu­rul­dy. Şunluk­da, il­deş­le­ri­mi­ziň müň­ler­çe­si tä­ze iş­li, tä­ze jaý­ly bol­ma­ga müm­kin­çi­lik al­dylar.

Şol gün, şanly waka mynasybetli Arkadag şäheriniň Baş meýdançasyna köp sanly myhmanlaryň gatnaşmagynda, bu ýerde döredijilik toparlarynyň joşgunly aýdym—sazly çykyşlary, şeýle hem dabaraly baýramçylyk ýörişi guraldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ruhyýet köşgünde Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli guralan dabara hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygyna halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri tarapyndan täsin şähere berlen 20-den gowrak güwänama we diplomlar gowşuryldy. Munuň özi täze şäheriň bütin dünýäde belent ykrarnama eýe bolýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Arkadag şäheriniň açylmagy mynasybetli toý sadakasy hem berildi. Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary gutlap hem-de Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde Arkadag şäheriniň desgalarynyň birinji tapgyrynyň ulanmaga berlendigini aýdyp, hemmeleri baýram bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem, Arkadag şäheriniň häkimliginde ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek dabarasy boldy.

Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallasyndan we yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäheriniň açylmagy müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan we täze özgertmeler eýýamynda mynasyp dowam etdirilýän, döwürleriň arabaglanyşygyny, nesilleriň dowamatlylygyny, eziz Watanymyzyň saýlap alan döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny görkezýän Türkmenistanyň şöhratly taryhynda ýene-de bir aýdyň sahypany alamatlandyrdy.

18 Iýun
«Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammiti

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Astana şäh...

12 Iýun
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanda...

11 Iýun
Welaýat saýlaw toparynyň düzümine üýtgetme girizildi

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji, 19-njy, 26-njy maddalaryna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň saýlaw toparynyň düzüminden bir agzanyň çykyp gidenligi sebäpli hem-de Türkmenistanyň Demokratik par...

03 Iýun
Türkmenistan – Mongoliýa: dostlukly gatnaşyklaryň täze sahypasy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-2-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrdy....

02 Iýun
Hyzmatdaşlygyň täze tapgyry: «Merkezi Aziýa — Italiýa» sammiti

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 30-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala...

20 Maý
Türkmenistan — Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy: dostlukly gatnaşyklar ösdürilýär

Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň 16-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasynyň Tatarysta...

12 Maý
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz Russiýan...

07 Maý
Türkmenistan – Fransiýa: Hyzmatdaşlygyň täze sahypasy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 5-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makronyň çaky...