Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparyň wekilleri 2023-nji ýylyň 9-njy iýulynda geçirilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň nobatdan daşary saýlawlaryna Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletlerden düzülen halkara synçylar wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistan döwletinden halkara synçy bolup gatnaşdylar.
Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri Özbegistan Respublikasynyň saýlaw ulgamynyň işi, saýlawlar hakyndaky kanunçylygy bilen tanyşdylar we saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň geçirilişine syn etdiler. Şeýle-de, Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri GDA agza döwletleriň saýlaw guramalaryndan hormatly myhman hökmünde çagyrylan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň saýlaw guramalarynyň ýolbaşçylarynyň konsultatiw geňeşiiniň birinji maslahatyna hem gatnaşdylar.
Saýlawlara taýýarlyk görmek we ony geçirmek işlerini Özbegistan Respublikasynyň Merkezi saýlaw topary we 14 sany okrug saýlaw toparlary amala aşyrdylar.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça ses bermegi geçirmek üçin 10840 saýlaw uçastogy (şol sanda 56-sy daşary ýurtlarda) döredildi.
Özbegistan Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň berýän maglumatyna görä, saýlawlarda halkara synçylarynyň 800-e golaýy saýlawlaryň geçirilişine syn etdiler.
Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri 2023-nji ýylyň 9-njy iýulynda Özbegistan Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Z.M.Nizamhojaýew bilen duşuşdylar. Şeýle hem şol gün ses bermek tamamlanandan soňra, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary S.N.Lebedewiň ýolbaşçylygynda geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň geňeşine-de gatnaşdylar.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça bäsleşen 4 dalaşgäriň arasynda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň 87,05 göteriminiň sesini alyp, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine Mirziýoýew Şawkat Miromonowiç saýlandy.
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Astana şäh...
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanda...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji, 19-njy, 26-njy maddalaryna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň saýlaw toparynyň düzüminden bir agzanyň çykyp gidenligi sebäpli hem-de Türkmenistanyň Demokratik par...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-2-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrdy....
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 30-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala...
Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň 16-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasynyň Tatarysta...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz Russiýan...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 5-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makronyň çaky...