TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

21 Iýul

Geljegi nazarlaýan sebitara hyzmatdaşlygyň täze ugurlary

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 18-19-njy iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy.

Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we «Açyk gapylar» ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirip, dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda arap dünýäsiniň döwletleri bilen deňhukukly, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýar. Saud Arabystany Patyşalygy bilen däp bolan gatnaşyklar munuň aýdyň mysallarynyň biridir.

Häzirki döwürde özara hormat goýmagyň we ynanyşmagyň berk binýadyna esaslanan türkmen-saud gatnaşyklary täze many-mazmuna eýe bolýar. Şunda taryhyň dowamynda emele gelen däplerine ygrarlydygyny görkezýän iki doganlyk halky birleşdirýän ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň umumylygy möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle däpleriň biri hem haj parzyny berjaý etmek bilen baglanyşyklydyr. Türkmenistanda biziň ildeşlerimize köpasyrlyk ruhy däplere eýerip, yslamyň mukaddesliklerine baryp görmek üçin ähli şertler döredildi.

Şu ýylyň 29-30-njy iýunynda Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygynda bolandygyny, şol ýerde Mekgede haj parzyny berjaý edendigini we gurbanlyk sadakasyny berendigini bellemek gerek. Gurbanlyk sadakasynda hajy Arkadagymyzyň pederi Mälikguly aganyň we käbesi Ogulabat ejäniň jaýynyň jennetde bolmagy dileg edildi. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen pursadyndan ilkinji daşary ýurt saparyny hut yslam dünýäsiniň mukaddes topragyna amala aşyrandygy we şol ýerde umra haj dessurlaryny berjaý edendigi bellärliklidir.

19-njy iýulda hormatly Prezidentimiz «Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk ge­ňeşi — Merkezi Aziýa»  görnüşindäki sammitiniň geçirilýän ýeri bolan «Ritz-Carlton» myhmanhanasyna geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýerministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud mähirli garşylady.

Mälim bolşy ýaly, alty ýurt — Bahreýn Patyşalygy, Katar Döwleti, Kuweýt Döwleti, Birleşen Arap Emirlikleri, Oman Soltanlygy we Saud Arabystany Patyşalygy 1981-nji ýylda döredilen bu sebit guramasynyň agzalary bolup durýar.

Ýokary derejede geçirilen duşuşyga ge­ňeşe agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň — Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Baştutanlary, şeýle hem Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk ge­ňeşiniň Baş sekretary gatnaşdylar.

Sammitiň gün tertibine özara bähbitli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri girizildi.

Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud belent mertebeli myhmanlary mähirli mübärekläp, geçirilýän duşuşygyň netijeli döwletara we sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz sammitiň dowamynda eden çuň manyly çykyşynda  belleýşi ýaly, häzirki döwürde dürli sebitlerde, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Aýlag hyzmatdaşlyk ge­ňeşine girýän döwletleriň ýakyn künjeklerinde çylşyrymly halkara syýasy ýagdaýlar ýüze çykýar. Şonuň üçin bar bolan ählumumy wehimler we howplar döwletlerimiziň tagallalaryny birleşdirmegi hem-de zerur bolan çözgütleri kabul etmegi talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk ge­ňeşiniň döwletleriniň daşary işler ministrleriniň hemişelik esasda hereket edýän maslahatyny döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz çykyşyny dowam edip, energetika pudagyna hem giň orun berilýändigini, bu ýurtlarda baý energiýa çeşmeleriniň, ýangyç-energetika serişdeleriniň we olary gaýtadan işleýän güýçli önümçilik desgalarynyň bardygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz energetika pudagynda bilelikdäki hereketleriň mümkinçiliklerini seljermek we maslahat bermek işlerini alyp barjak Energetika boýunça bilelikdäki iş toparyny döretmegi teklip etdi

Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri döwlet Baştutanymyza doly derejeli hyzmatdaşlygy işjeň­leşdirmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlar beýan edilen çuň many-mazmunly çykyşy üçin hoşallyk bildirdi. Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk ge­ňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitiniň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.

Iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud bilen duşuşyk geçirdi. Döwlet Baştutanymyz hem-de dostlukly ýurduň Hökümetiniň ýolbaşçysy döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşe eýedigini nygtadylar.

Jidda şäherinde geçirilen ýokary derejedäki sammit umumy abadançylygyň hem-de ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli döwletara we sebitara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen möhüm duşuşyk boldy.

18 Iýun
«Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammiti

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Astana şäh...

12 Iýun
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanda...

11 Iýun
Welaýat saýlaw toparynyň düzümine üýtgetme girizildi

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji, 19-njy, 26-njy maddalaryna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň saýlaw toparynyň düzüminden bir agzanyň çykyp gidenligi sebäpli hem-de Türkmenistanyň Demokratik par...

03 Iýun
Türkmenistan – Mongoliýa: dostlukly gatnaşyklaryň täze sahypasy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-2-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrdy....

02 Iýun
Hyzmatdaşlygyň täze tapgyry: «Merkezi Aziýa — Italiýa» sammiti

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 30-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala...

20 Maý
Türkmenistan — Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy: dostlukly gatnaşyklar ösdürilýär

Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň 16-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasynyň Tatarysta...

12 Maý
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz Russiýan...

07 Maý
Türkmenistan – Fransiýa: Hyzmatdaşlygyň täze sahypasy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 5-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makronyň çaky...