TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

25 Iýul

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi

2023-nji ýylyň 25-nji iýulynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça  merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň gün tertibine Arkadag şäheriniň saýlaw toparynyň ýolbaşçysynyň we saýlawlara syn etmek boýunça alnyp barlan işleriň netijeleri barada milli synçylar boýunça jogapkär wekilleriň hasabatlary esasynda, şu ýylyň 23-nji iýulynda geçirilen Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlarynyň netijelerini jemlemek, tassyklamak we yglan etmek bilen bagly bolan meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda demokratik ýörelgeleri pugtalandyrmaga gönükdirilen çäreleriň giň toplumy üstünlik bilen amala aşyrylýar. Şol sanda, ýurdumyzda saýlawlary demokratik ýörelgeler esasynda, döwrebap milli kanunlarymyza, umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyklykda geçirmek üçin ähli şertler döredilýär.

Mejlisde bellenilişi ýaly, Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlary bäsleşik, açyklyk we aýanlyk şertlerinde geçirildi.

Saýlawlaryň öňüsyrasyndaky ähli çäreler hereket edýän milli kanunçylygyň we umumy ykrar edilen halkara kadalarynyň talaplaryna laýyk derejede öz wagtynda geçirildi. Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlary boýunça döredilen saýlaw okruglarynyň çäginde ýerleşýän Kärizek etrabynyň 1-nji saýlaw uçastogynda ses bermek çäresi guramaçylykly geçirildi. Saýlawlaryň öňüsyrasynda bolşy ýaly, saýlawlaryň geçirilen gününde hem saýlawçylaryň işjeňligi syýasy-jemgyýetçilik çäräniň esasy aýratynlygy boldy. Şunuň bilen baglylykda, Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlarynda saýlawçylaryň sanawyna girizilen 236 saýlawçydan 218-si gatnaşyp, mynasyp dalaşgäre öz seslerini berdiler. Munuň özi ses bermek hukugyna eýe bolan raýatlaryň 92,37 göteriminiň gatnaşandygyny aňladýar.

Mejlisiň dowamynda Arkadag şäheriniň saýlaw toparynyň   başlygynyň saýlawlaryň netijelerini jemlemek boýunça alnyp barlan işler baradaky hasabaty diňlenildi. Saýlaw kodeksine laýyklykda, demokratik ýörelgeler esasynda, geçirilen saýlawlarda  saýlaw okruglarynyň 5–sinde hem bir orna iki dalaşgär bellige alyndy, munuň özi bu saýlawlaryň bäsleşik esasynda geçirilendigini görkezýär. Şeýlelikde, saýlaw toparlarynyň ses bermegiň netijeleri hakyndaky teswirnamalaryna laýyklykda, geňeş agzalarynyň 5-si saýlanyldy.

Hereket edýän milli kanunçylyga laýyklykda, saýlananlaryň sanawlary ýakyn günlerde ilatyň dykgatyna ýetiriler.

Saýlawlar bilen baglanyşykly çäreleriň ähli tapgyrlarynyň geçirilişine Türkmenistanyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan bellenilen milli synçylaryň 6-sy syn etdi.

Saýlawlara syn etmek boýunça alnyp barlan işleriň netijeleri hakynda syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi edaralarynyň milli synçylar boýunça jogapkär wekilleriniň habarlary diňlenildi. Habarlardan mälim bolşy ýaly, milli synçylar saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde we hiç hili düzgün bozulmasyz geçirilendigini nygtadylar.

Mejlisiň ahyrynda Merkezi saýlaw toparynyň başlygy bu ýere ýygnananlara, Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlaryny guramaçylykly geçirmäge gatnaşanlara, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine saýlaw möwsüminiň maglumat taýdan netijeli üpjün edilendigi we ony guramaga jogapkärli gatnaşandyklary, döwletiň demokratik esaslarynyň mundan beýläk-de berkidilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berendikleri üçin hoşallyk sözlerini aýtdy.

18 Iýun
«Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammiti

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Astana şäh...

12 Iýun
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanda...

11 Iýun
Welaýat saýlaw toparynyň düzümine üýtgetme girizildi

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji, 19-njy, 26-njy maddalaryna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň saýlaw toparynyň düzüminden bir agzanyň çykyp gidenligi sebäpli hem-de Türkmenistanyň Demokratik par...

03 Iýun
Türkmenistan – Mongoliýa: dostlukly gatnaşyklaryň täze sahypasy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-2-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrdy....

02 Iýun
Hyzmatdaşlygyň täze tapgyry: «Merkezi Aziýa — Italiýa» sammiti

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 30-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala...

20 Maý
Türkmenistan — Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy: dostlukly gatnaşyklar ösdürilýär

Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň 16-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasynyň Tatarysta...

12 Maý
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz Russiýan...

07 Maý
Türkmenistan – Fransiýa: Hyzmatdaşlygyň täze sahypasy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 5-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makronyň çaky...