TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

21 Sent

Dünýä türkmenleriniň nobatdaky maslahaty

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen ýylyň her bir güni toýlara, möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalara beslenip, taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýar.Ine, şeýle taryhy wakalaryň biri hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda 20-nji sentýabrda paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde geçirilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIV maslahatydyr.

Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, türkmen halkynyň baý medeniýetini we özboluşly däp-dessurlaryny, taryhyny, dilini wagyz etmekde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigine möhüm orun degişlidir. 1991-nji ýylyň maý aýynda döredilen birleşik ykbalyň emri bilen taryhy Watanyndan uzaklara düşen ildeşlerimizi jebisleşdirmek ugrunda zerur tagalla edýän abraýly gurama öwrüldi.

Başymyzyň täji bolan milli Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda guralan foruma daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, birleşigiň daşary ýurtly agzalary, şeýle-de Watanymyzyň dürli künjeklerinden gelen birleşigiň wekilleri, ildeşlerimiz gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Serdarymyzyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Dünýä türkmenleriniň­ ynsanperwer birleşig­iniň hormatly agzalar­y! Eziz doganlar! Sizi Dünýä türkmenler­iniň ynsanperwer birl­eşiginiň XXIV maslaha­tynyň öz işine başlam­agy bilen tüýs ýürekd­en gutlaýaryn. Türkme­nistanyň milli baýram­y bolan Garaşsyzlyk g­ününiň öň ýanynda ýok­ary guramaçylykly geç­irilýän bu maslahatyň­ eziz Watanymyza buýs­anjymyzy pugtalandyrm­ak, dünýä türkmenleri­ni jebisleşdirmek hem­-de dostlukly gatnaşy­klary has-da işjeňleş­dirmek babatda örän m­öhüm ähmiýetiniň bolj­akdygyna berk ynanýar­yn» diýilýär.

Dünýäniň dürli künjeklerinde hemişe ata Watanyny küýsäp ýaşaýan türkmenleri mübärekläp, bir supranyň başynda jemlän maslahatyň dowamynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz çykyş edip, indi birnäçe ýyl bäri mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahatyny geçirmegiň asylly däbe öwrülendigini aýtdy. Mähriban Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň netijesinde üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalar, gazanylýan ajaýyp üstünlikler bu gün dünýä türkmenlerini hem çäksiz buýsandyrýar we galkyndyrýar, dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan türkmen doganlarymyz özlerini hossarly duýýarlar, ata Watanymyzda gazanylýan taryhy ähmiýetli üstünliklere guwanýarlar diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşýan daşary ýurtly watandaşlarymyza söz berildi. Çykyş edenler pederleriň mukaddes topragyna gelip görmäge we häzirki döwürde şöhraty dünýä dolan Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri bilen içgin tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin çuňňur hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Daşary ýurtly watandaşlarymyz hakynda yzygiderli alada edýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyklaryny beýan etdip, uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Pursatdan peýdalanyp, foruma gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy ýakynda Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda dostlugy we hoşniýetliligi, özara düşünişmegi, hyzmatdaşlygy ösdürmekde, sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmekde, ýurtlarymyzyň bilelikdäki bähbitlerinidir başlangyçlary halkara giňişlikde ösdürmekde bitiren ajaýyp hyzmatlary üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.

25 Dek
Okuw maslahatlary geçirildi

Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...

25 Dek
Sankt-Peterburgda GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...

24 Dek
BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...

23 Dek
«Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...

10 Dek
Okuw maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...

04 Dek
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...

02 Dek
Täze döredilen etraplaryň saýlaw toparlary döredildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...

28 Noý
Täze belentlikleri nazarlaýan türkmen-gazak hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan bilen Gazagysta...