TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

29 Noý

Aşgabatda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistanda halkara sport guramalary bilen hyzmatdaşlykda, paýtagtymyzda halkara derejesinde iri sport ýaryşlary yzygiderli we guramaçylykly geçirilýär.  

Aşgabatda dünýä derejesindäki ýaryşlaryň guralmagy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge uly üns berýändiginiň nyşany bolup, bu babatda durmuşa geçirilýän ägirt uly işler halkara sport giňişliginde ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň barha ýokarlanmagyna ýardam berýär.

Aşgabatda sportuň Olimpiýa görnüşleri boýunça döwrebap toplumlary özünde jemleýän, Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurulmagy türkmen sportuny täze derejelere çykarmaga mümkinçilik döretdi.

Ýeri gelende aýtsak, 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, 2018-nji ýylda geçirilen «Amul — Hazar» halkara awtorallisiniň, Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň hem üstünlikli geçirilmegi Türkmenistanyň iri sport döwleti hökmünde derejesini pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe boldy.

Türkmenistan Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň doly hukukly agzasy hökmünde dünýäniň sport durmuşynda möhüm ähmiýetli ýaryşlary guramak bilen, Olimpiýa hereketiniň giňeldilmegine hem-de wagyz edilmegine, oňa ýaşlaryň işjeň çekilmegine uly goşant goşýar.

2023-nji ýylyň 23-28-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesindäki Basa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatyna 53 ýurtdan 500-e golaý adam gatnaşdy.

Bu ýaryşda erkekleriň arasynda 7, zenanlaryň arasynda 8 agram derejesinde medallaryň 15 toplumy ugrunda bäsleşikler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatyna gatnaşyjylara iberen gutlagynda: «Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen milli göreşini çyn ýürekden söýen halkymyz ony asyrlarboýy kämilleşdirip, sungat derejesine ýetiripdir. Pälwanlary taýýarlamakdaky baý tejribesini Beýik Ýüpek ýoly boýunça dünýä ýaýradyp, göreşiň sport görnüşi hökmünde ösmegine uly goşant goşupdyr» diýip belleýär.

Häzirki günlerde hem türkmen milli göreş sungaty milli gymmatlyklarymyzyň hatarynda, toýlarymyzyň-baýramlarymyzyň bezegi bolup, barha kämilleşýär. Şonuň  bilen birlikde, göreşiň beýleki görnüşlerine, ýagny kuraş görnüşine hem uly üns berilýär.

Ýurdumyzda 2014-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Kuraş federasiýasynyň döredilmegi bilen, başa-baş söweş sungatynyň bu görnüşi okgunly ösdürilýär. Urgulary, agyrdyjy tilsimleri ulanmak gadagan edilen guşakly göreşiň bu görnüşi XX asyrdan başlap tutuş dünýäde, şol sanda Türkmenistanda uly meşhurlyga eýe boldy.

Türkmen türgenleri Kuraş boýunça halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, şu gezekki Aşgabatda geçirilýän dünýä birinjiligine çenli, umumylykda, 2 altyn, 7 kümüş we 12 sany bürünç medal gazanyp, hormat münberine 21 gezek çykmagy başardylar.

Paýtagtymyzda geçirilen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynda-da türkmen türgenlerimiz üstünlikli, şowly  çykyş  etdiler. Şeýlelikde, ýaryşyň jemleýji netijeleri boýunça türkmen türgenleri erkekleriň arasynda 7, zenanlaryň arasynda 8, jemi 15 agram derejesinde 5 altyn, 6 kümüş, 4 bürünç, jemi 15 medal gazandylar.

13 Okt
«Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammiti we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz T...

08 Okt
Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýy­lyň 7-nji okt­ýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...

25 Sent
Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylyga gönükdirilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk

Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli gatna...

18 Sent
ÝHHG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 14–18-nji sentýabry aralygynda paýtagtymyzda saparda bold...

09 Sent
Täze çüýşe önümlerini öndürýän önümhana işe girizildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ýerli çig malyň esasynda öndürilýän önümçilikleriň gerimini giňeltmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häz...

04 Sent
Türkmenistan—Hytaý: dostlukly gatnaşyklar ösdürilýär

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 31-nji awgusty 3-nji sentýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatl...

03 Sent
Ýurdumyzda täze bilim ojagy açyldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we t...

28 Awg
BMG-niň Baş sekretarynyň hoşallyk haty

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy. Beýan edilişi ýaly, Antoniu Guterriş hatynda şu ýylyň 5 – 8-...