TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

29 Awg

Türkmen — Eýran döwletara gatnaşyklarynyň täze sahypalary

Dünýäde dost-doganlygy, agzybirligi, parahatçylygy öňe sürýän ýurdumyzda dünýä döwletleri, ilkinji nobatda, ýakyn goňşular, şol sanda Eýran Yslam Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 28-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen doganlyk Eýran Yslam Respublikasynda boldy. Taryhy saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Prezident Masud Pezeşkian hem-de Beýik ruhy lider Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen gepleşikleri geçirdi.

Gadymy Eýranyň täze saýlanylan Prezidenti bilen Gahryman Arkadagymyz özüniň ilkinji duşuşygyny geçirendigini bellemek gerek.

Prezident Masud Pezeşkian türkmen halkynyň Milli Liderini we Türkmenistanyň uly wekiliýetini kabul edýändigine şatdygyny belläp, Eýranyň köpýyllyk netijeli gatnaşyklaryň kuwwatly binýadyna esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady. Goňşy ýurduň Baştutany Türkmenistany hoşniýetli dost we ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýandygyny aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklary hem boldy. Olarda ýangyç-energetika, elektroenergetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda, gümrük edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýlelikde, halkymyzyň «Kyýamat güni goňşudan» diýen parasatly pähimine eýerip, birek-birege mähirli hormat goýmak däbinde, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklar, hakykatdan hem Türkmen — Eýran dostlukly goňşuçylyk gatnaşyklarynyň täze sahypalarynyň açylýandygyny äşgär etdi.

04 Dek
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...

02 Dek
Täze döredilen etraplaryň saýlaw toparlary döredildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...

28 Noý
Täze belentlikleri nazarlaýan türkmen-gazak hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan bilen Gazagysta...

20 Noý
Saýlaw ulgamynda halkara tejribesi öwrenilýär

Hormatly Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň gerimi barha giňeýär. Hormatly Prezidentimiziň rugsat bermegi esasynda hem-de saýlawlary g...

10 Noý
«Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky sammit

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 4-7-nji noýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ABŞ-nyň Prezidenti...

05 Noý
Hormatly Prezidentimiz möhüm desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 2-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuww...

28 Okt
Türkmenistan — Italiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Italiýa Respublikasyna...

21 Okt
TOPH gaz geçiriji taslamanyň Serhetabat — Hyrat tapgyryna badalga berildi

Mälim boşy ýaly, 2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan ga...