2024-nji ýylyň 18-19-njy sentýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň guramagynda saýlawlary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde şöhlelendirmek atly okuw maslahaty geçirildi.
Okuw maslahatyna ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Saýlawlary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde şöhlelendirmek bilen bagly geçirilen okuw maslahatynyň maksady köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň bu ugurda hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmakdan ybarat.
Okuw maslahatyny halkara bilermeni Beruniý Alimow alyp bardy. Şeýle-de, okuw maslahatyna sanly ulgam arkaly halkara bilermenleri Raşgo Kujel we Tomas Raýmer gatnaşdy.
Işjeňlik ýagdaýynda geçirilen okuw maslahatynyň dowamynda halkara bilermenleri saýlawlar geçirilende, saýlaw möwsümini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde — gazetlerde, žurnallarda, telewideniýede şöhlelendirmegiň usullary bilen baglanyşykly halkara tejribeleri barada giňişleýin düşünje berdiler. Şeýle hem bu babatda ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň hem pikirleri, garaýyşlary diňlenildi. Maslahatyň barşynda gyzykly sowal-jogaplar alşyldy.
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we t...
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy. Beýan edilişi ýaly, Antoniu Guterriş hatynda şu ýylyň 5 – 8-...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň 20-nji awgustda kabul eden kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Aşgabat şäherindä...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň her biri halk bähbitlidir, röwşen geljegimiziň berk binýadydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 16-17-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýokary derejede durmuşa geçir...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Astana şäh...
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanda...