Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek we pugtalandyrmak açyklyk, parahatçylyk söýüjilik, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine berk eýerýän Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-24-nji sentýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Nýu-Ýork şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna gatnaşdy.
Ýurdumyz 1992-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, halkara gatnaşyklary utgaşdyrýan edara hökmünde bu iri guramanyň abraýyny pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň durmuşa geçirýän daşary syýasaty Birleşen Milletler Guramasynyň giň ykrarnamasyna we goldawyna eýe bolýar.
22-nji sentýabrda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli Baş Assambleýanyň ýokary derejeli plenar mejlisine gatnaşdy.
Türkmenistan Bitarap döwlet hökmünde parahatçylygy, durnuklylygy we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasaty durmuşa geçirýär. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan resmi taýdan üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň Bitaraplygy ýurdumyzyň parahatçylyk, durnuklylyk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň möhüm bölegi bolup, ýurdumyza dünýä döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin esas bolup hyzmat edýär.
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylda iki möhüm sene — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we BMG-niň esaslandyryl-magynyň 80 ýyllygy bellenilýär. Bu iki şanly senäniň gabat gelmegi Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky taryhy arabaglanyşygy görkezýär. Ýurdumyz Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan gününden bäri geçen 30 ýylyň içinde bu halkara hukuk derejesiniň parahatçylyga ýardam bermek üçin netijeli gural bolup durýandygyny subut etdi.
23-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde birnäçe ýokary derejeli duşuşyklary geçirdi. Ilki bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.
Hormatly Prezidentimiz şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygynyň bellenilýändigini aýdyp, bu şanly sene mynasybetli Antoniu Guterrişi we guramanyň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ähli işgärlerini tüýs ýürekden gutlady hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideriniň BMG-niň Baş sekretaryna iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Antoniu Guterriş Gahryman Arkadagymyza salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, şu gezekki duşuşyga Türkmenistanyň BMG bilen möhüm meseleler boýunça hyzmatdaşlygynyň özboluşly dowamy hökmünde garaýandygyny aýtdy hem-de sebit we ählumu my meseleleriň oňyn çözgüdine ýurdumyzyň goşýan goşandyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz geçen 80 ýylyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça ägirt uly işleriň amala aşyrylandygyny aýdyp, bu maksatlara ýetmek üçin Türkmenistanyň Milletler Bileleşigi bilen köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini, bu wakanyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gabat gelýändigini aýtdy we Antoniu Guterrişi şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy Şeýh Sabah Al-Halid Al-Sabah bilen duşuşdy.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we olary ösdürmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, şu duşuşygyň netijeleriniň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler. Kuweýtiň Mirasdüşer Şazadasy pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi.
Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Kuweýt bilen deňhukukly gatnaşyklary we özara hormat goýmaga esaslanýan hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady hem-de Gahryman Arkadagymyzyň Mirasdüşer Şazada Şeýh Sabah Al-Halid Al-Sabaha mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Şeýle-de, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş saparynyň çäklerinde Eswatininiň Patyşasy Mswati III bilen duşuşdy.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan Bitaraplyk hukuk derejesi esasynda dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýandygyny, şunda Afrika ýurtlary bilen gatnaşyklara-da uly ähmiýet berilýändigini belledi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Eswatini Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Teswirnama gol çekilmegi wajyp ähmiýete eýe boldy.
24-nji sentýabrda iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ştab-kwartirasyna bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar hem-de bilelikde surata düşdüler. Soňra plenar mejlis öz işine başlady we gatnaşyjylara söz berildi
Hormatly Prezidentimiz mejlisde çykyş etmek bilen, mejlise gatnaşyjylary Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň başlamagy bilen gutlady we hemmelere netijeli işlemegi arzuw etdi. Döwlet baştutanymyz hanym Annalena Berbogy Baş Assambleýanyň Başlygy wezipesine saýlanmagy bilen gutlady we oňa üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz çuň manyly çykyşynda: «Halkara parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugry bolup durýar. Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde öz jogapkärçiligine düşünip, hyzmatdaşlyk, özara düşünişmek ýagdaýyny, ählumumy hem-de sebit derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmäge ukyply esasy we kesgitleýji şert hökmünde özara hormat goýmak dialogyny döretmäge gönükdirilen anyk çäreleri mundan beýläk-de amala aşyrmaga taýýardyr. Häzirki wagtda bu wezipeleri ilerletmekde we ýerine ýetirmekde iň netijeli gurallaryň biriniň bitaraplyk ýörelgeleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegidigine berk ynanýarys. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň gün tertibine «Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna» atly aýratyn bendi girizmek başlangyjyny öňe sürdi. Dünýä jemgyýetçiliginiň bitaraplygyň wajypdygyna, BMG-niň parahatçylyk döredijilikli strategiýasynda onuň mümkinçiliklerine we gurallaryna düşünýändiginden ugur alyp, muny möhüm diýip hasaplaýarys. Bu ugry dowam etdirmek bilen, Türkmenistan şu gezekki sessiýanyň dowamynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş prosesini üpjün etmek hem-de pugtalandyrmak işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamanyň taslamasyna seretmegi teklip eder» diýip nygtady.
Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, şu mejlis Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýete eýedir. 30 ýyl mundan ozal şu ýerde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Ýurdumyz üçin bu taryhy waka bolup, Türkmenistanyň geljekki daşary syýasy we halkara işini kesgitledi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň halkynyň adyndan BMG-ä agza döwletlere, ähli dünýä jemgyýetçiligine 1995-nji ýylyň dekabr aýynda kabul edilen we Baş Assambleýanyň soňky iki Kararnamalary bilen tassyklanan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny ykrar etmek baradaky çözgüt üçin minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz ähli wekiliýetleri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek gutlady we üstünlikleri arzuw etdi.
Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Awstriýa Respublikasy Türkmenistanyň Ýewropa sebitinde öňden gelýän möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak, dostluk we düşünişmek esasynda yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistanyň we Awstriýanyň bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň köp babatda gabat gelmegi bolsa halkara derejede özara hereketleri utgaşdyrmaga esas bolup hyzmat edýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marselo Rebelо de Souza bilen duşuşdy.
Şeýle-de, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş saparynyň çäklerinde Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Karin Keller-Zutter bilen duşuşdy.
Halkara giňişlikde Türkmenistan hem, Şweýsariýa hem bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýar. Bu aýratynlyk halkara derejede hyzmatdaşlygy ösdürmek, parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň ştab-kwartirasy ýerleşýän Nýu-Ýork şäherine geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň plenar mejlisine gatnaşmagy we onda çykyş etmegi Türkmenistanyň Bitaraplyk we halkara hukuk ýörelgelerine ygrarlydygyny subut eden waka bolmak bilen çäklenmän, eýsem, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga möhüm goşant boldy.
Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli gatna...
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 14–18-nji sentýabry aralygynda paýtagtymyzda saparda bold...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ýerli çig malyň esasynda öndürilýän önümçilikleriň gerimini giňeltmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häz...
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 31-nji awgusty 3-nji sentýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatl...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we t...
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy. Beýan edilişi ýaly, Antoniu Guterriş hatynda şu ýylyň 5 – 8-...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň 20-nji awgustda kabul eden kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Aşgabat şäherindä...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň her biri halk bähbitlidir, röwşen geljegimiziň berk binýadydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman...