Hormatly Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň gerimi barha giňeýär. Hormatly Prezidentimiziň rugsat bermegi esasynda hem-de saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna, tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada ozal gol çekilen «Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam etmek» atly 2024–2025-nji ýyllar üçin Taslama resminamasynyň meýilnamasynda göz öňünde tutulan çärelere laýyklykda, Türkmenistanyň merkezi saýlaw toparynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2025-nji ýylyň 12-17-nji noýabry aralygynda Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan şäherinde saparda boldy.
Wekiliýetiň Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan şäherine guralan saparyna Türkmenistanyň merkezi saýlaw toparynyň wekilleri, şeýle-de, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň Sanly ykdysadyýeti ösdürmek bölüminiň Maglumat tehnologiýalary boýunça baş hünärmeni we BMGÖM-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň taslamalar boýunça menejeri gatnaşdy.
Saparyň maksady Ermenistan Respublikasynda Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny ýöretmek we onuň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek, saýlawçynyň şahsyýetini anyklamak hem-de saýlaw işlerini dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan gurallaryny ulanmak boýunça toplanan tejribäni öwrenmekden ybarat boldy.
Saparyň çäklerinde – 2025-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Ermenistandaky hemişelik wekili Natiýa Naswlişwili bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.
2025-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Ermenistan Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Waagn Owakimýan bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşykda W. Owakimýan Ermenistan Respublikasynyň saýlaw ulgamynyň işi, saýlaw işlerine sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy barada giňişleýin aýdyp berdi. Şeýle-de, şol gün türkmen tarapynyň wekilleri Ermenistan Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň maglumatlar merkeziniň işi we saýlawlar güni ses berlende saýlawçylaryň şahsyýetini anyklamak üçin ulanylýan WIT enjamlary bilen işlemegiň düzgünleri barada amaly tertipde tanyşdylar.
Şeýle-de, 2025-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Ermenistan Respublikasynyň maglumatlar ulgamy agentliginiň direktory Nerses Ýeritsýan bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşykda N. Ýeritsýan ýurduň sanly infrastrukturasy, şol sanda saýlaw ulgamy boýunça sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňeltmek babatynda amala aşyrylýan işler, meýilleşdirilýän täze maksatlar barada çykyş edip, giňişleýin aýdyp berdi.
Soňra, günüň ahyrynda wekiller Ermenistan Respublikasynyň Armawirsk welaýatynyň Wagarşapat okrugynda dolandyryş-çäk gurluşyň üýtgemegi bilen baglylykda geçirilýän ýerli saýlawlar boýunça döredilen 14/13-nji saýlaw uçastogyna baryp, onuň enjamlaşdyrylyşy, saýlawlar güni ses bermegi guramak boýunça görlen taýýarlyk işleri bilen tanyşdylar.
2025-nji ýylyň 16-njy noýabrynda türkmen tarapynyň wekilleri Ermenistan Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň maglumatlar merkezinde bolup, şol gün Ermenistan Respublikasynyň Armawirsk welaýatynyň Wagarşapat okrugynda geçirilen saýlawlarda döredilen jemi 47 sany saýlaw uçastogynda ses bermegiň geçirilişi bilen sanly ulgam arkaly göni ýaýlymda online tertipde tanyşdylar.
Şeýlelikde, Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan şäherine guralan iş sapary guramaçylykly amala aşyryldy we halkara tejribelerini öwrenmek babatynda netijeli boldy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen: Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...
Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...
2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...