2026-05-08
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 26-njy maddasyna hem-de «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek we ýöretmek bilen bagly işleri talaba laýyk ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň 2026-njy ýylyň 15-nji aprelindäki kararyna laýyklykda, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawynyň guramaçylyk işleri boýunça ýörite topary döredildi.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň ýanynda döredilen Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawynyň guramaçylyk işleri boýunça ýörite toparyň doly düzümi saýtyň «Topar barada» diýen bölüminde ýerleşdirildi.
Ýeri gelende aýtsak, «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi.
Şeýlelikde, tassyklanylan meýilnama laýyklykda, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny ýörediji toparlar bilen, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawynyň maglumat goruny döretmek boýunça degişli işler tapgyrlaýyn tertipde amala aşyrylar.
