Habarlar

Makalalar

Wideo

Etrap, şäher saýlaw toparlary täzeden döredilýär

2026-07-01

Etrap, şäher saýlaw toparlary täzeden döredilýär

Mälim bolşy ýaly, şu günler ýurdumyzda hereket edýän etrap, şäher saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanýandygy sebäpli, saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, olary täzeden döretmek, saýlaw toparlarynyň düzümine wekil hödürlemek boýunça işler dowam edýär. Bu saýlaw toparlaryny täzeden döretmek işleri, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, tassyklanylan meýilnama esasynda, guramaçylykly amala aşyrylýar.

Etrap, şäher saýlaw toparlary Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň  32-nji maddasyna laýyklykda, degişli welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher saýlaw toparlary tarapyndan 11–15 agzadan ybarat düzümde döredilýär.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji maddasyna laýyklykda, etrap, şäher saýlaw toparlarynyň düzümine wekiller syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher hem-de etrap, şäher guramalarynyň mejlislerinde, raýatlaryň toparlarynyň ýygnaklarynda hödürlenilýär. Bu saýlaw toparlarynyň düzümine wekil hödürlemek boýunça raýatlaryň ýygnagyna degişli etrabyň, şäheriň çäginde ýaşaýan saýlaw hukukly raýatlaryň azyndan ellisi gatnaşsa, ol ygtyýarly hasap edilýär.

Saýlaw toparlarynyň düzümine wekil hödürlemek boýunça geçirilýän mejlisde we ýygnakda üç wekil hödürlenilip bilner.

Şeýlelikde, häzirki wagtda etrap, şäher saýlaw toparlaryny täzeden döretmek bilen baglylykda, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri we raýatlar toparlary tarapyndan saýlaw toparlarynyň düzümine wekil hödürlemek işleri guramaçylykly dowam edýär.