2026-07-20
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler barha rowaçlanýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Elbetde, bu guwandyryjy ýagdaýlar saýlaw ulgamyna hem mahsus bolup, ýurdumyzda geçirilýän saýlawlaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine, halkara kadalaryna laýyklykda, aýanlykda we demokratik ýörelgeler esasynda guramaçylykly geçirilmeginde, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillikleriniň kanunalaýyk üpjün edilmeginde ýurdumyzda hereket edýän saýlaw toparlarynyň möhüm orny bardyr.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda hereket edýän etrap, şäher saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyk möhletleriniň tamamlanandygy sebäpli, olar täzeden döredildi. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji maddasyna laýyklykda, etrap, şäher saýlaw toparlarynyň täze düzümine agzalyga wekilleri hödürlemek işleri syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň welaýat etrap, şäher hem-de Aşgabat we Arkadag şäher etrap guramalarynyň mejlislerinde, şeýle hem raýatlar toparlarynyň ýygnaklarynda guramaçylykly amala aşyryldy.
Etrap, şäher saýlaw toparlarynyň düzümine wekilleri hödürlemek boýunça geçirilen mejlisler we ýygnaklar demokratik esaslarda, aýanlyk, açyklyk ýagdaýynda geçirilip, onda saýlaw toparynyň düzümine hödürlenýänleriň çäklendirilmedik sany ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýlelikde, etrap, şäher saýlaw toparlarynyň täze düzümine agzalyga wekilleriň jemi 627-si hödürlenildi.
Has takygy:
Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan 168, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan 27, Agrar partiýasyndan 77, Kärdeşler arkalaşyklaryndan 140, Zenanlar birleşiginden 62, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyndan 99, Raýatlar toparlaryndan 54.
Hödürlenilen wekilleriň arasynda dürli ýaşdaky we bilim derejesindäki, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän, dürli milletlerden bolan saýlaw hukukly raýatlaryň bolmagy, şeýle hem olaryň ýurdumyz boýunça jemi sanynyň 34,61 göterimiň zenanlar we 28,71 göterimiň ýaşlar bolmagy, etrap, şäher saýlaw toparlaryny täzeden döretmek işleriniň syýasy köpdürlülilik, halk häkimiýetlilik ýörelgeleri hem-de demokratik kadalar esasynda amala aşyrylandygyny äşgär edýär.
Häzirki wagtda ýurdumyz boýunça etrap, şäher saýlaw toparlarynyň jemi 57-si hereket edýär. Şol sanda:
Ahal welaýatynda 8 sany etrap saýlaw toparlary bolup, agzalarynyň sany 88-e; Balkan welaýatynda 9 sany etrap, şäher saýlaw toparlary bolup, agzalarynyň sany 99-a; Daşoguz welaýatynda 10 sany etrap, şäher saýlaw toparlary bolup, agzalarynyň sany 110-a; Lebap welaýatynda 12 sany etrap, şäher saýlaw toparlary bolup, agzalarynyň sany 132-ä; Mary welaýatynda 12 sany etrap, şäher saýlaw toparlary bolup, agzalarynyň sany 132-ä; Aşgabat şäherinde 4 sany etrap saýlaw toparlary bolup, agzalarynyň sany 44-e; Arkadag şäherinde 2 sany etrap saýlaw toparlary bolup, olaryň agzalarynyň sany 22-ä deň boldy.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 32-nji maddasyna laýyklykda, etrap, şäher saýlaw toparlarynyň düzümine agzalyga wekil hödürlemek hakyndaky syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň mejlisleriniň we raýatlar toparlarynyň ýygnaklarynyň beýanlary esasynda, etrap, şäher saýlaw toparlary welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň saýlaw toparlary tarapyndan täzeden döredildi. Bu saýlaw toparlaryny täzeden döretmek işleri, Merkezi saýlaw topary tarapyndan tassyklanylan meýilnama esasynda, bellenilen möhletde guramaçylykly geçirildi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 19-njy maddasyna laýyklykda, etrap, şäher saýlaw toparlary özleriniň birinji mejlislerini geçirip, onda toparyň başlygyny, başlygynyň orunbasaryny we kätibini saýladylar. Welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň saýlaw toparlary hem öz geçiren mejlislerinde etrap, şäher saýlaw toparlarynyň täze düzümini tassykladylar we olaryň agzalaryna şahsyýetnamalary dabaraly ýagdaýda gowşurdylar.
Şeýlelikde, ýurdumyz boýunça döredilen etrap, şäher saýlaw toparlarynyň agzalarynyň täze düzümi geljek bäş ýylyň dowamynda, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde, ýurdumyzda saýlaw möwsüminiň ýokary taýýarlyk we guramaçylyk derejesini üpjün etmäge, demokratik esaslarda geçiriljek saýlawlara işjeň gatnaşarlar.
