Habarlar

Makalalar

Wideo

Ýurdumyzyň etraplarynyň, şäherleriniň täze  döredilen saýlaw toparlary: jemler, sanlar

2026-07-24

Ýurdumyzyň etraplarynyň, şäherleriniň täze döredilen saýlaw toparlary: jemler, sanlar

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan—bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli demokratik ýoluny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutan-lygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlarynda, şol sanda saýlaw ulgamynda hem uly üstünlikler gazanylýar. Saýlaw ulgamynyň işi, onuň kanunçylyk binýady we demokratik ýörelgeleri barha kämilleşdirilýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzda demokratik ýörelgeler esasynda yzygiderli geçirilýän saýlawlar hem şaýatlyk edýär. Saýlawlar jemgyýetçilik durmuşynda raýatlaryň syýasy hukuklarynyň iň esasylarynyň biridir.

Eziz Diýarymyzda geçirilýän saýlawlary mundan beýläk-de Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, demokratik ýörelgeler esasynda, hil taýdan ýokary derejede, köp partiýalylyk esasynda, giň bäsleşik şertlerinde, guramaçylykly geçirmek, raýatlarymyzyň saýlamak we saýlanmak hukuklaryndan peýdalanmaklary üçin ähli şertleri, giň mümkinçilikleri döretmek saýlaw toparlarynyň öňünde durýan wajyp wezipedir.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda hereket edýän etrap, şäher saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyk möhletleriniň tamamlanandygy sebäpli, bu saýlaw toparlary täzeden döredildi. Etrap, şäher saýlaw toparlaryny täzeden döretmek işleri Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, Merkezi saýlaw topary tarapyndan tassyklanylan meýilnama esasynda, bellenilen möhletde guramaçylykly amala aşyryldy.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji maddasyna laýyklykda, etrap, şäher saýlaw toparlarynyň täze düzümine agzalyga wekilleri hödürlemek işleri syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher etrap, şäher guramalarynyň mejlislerinde hem-de raýatlar toparlarynyň ýygnaklarynda guramaçylykly geçirildi.

Mejlisler we ýygnaklar aýanlyk, açyklyk ýagdaýynda, demokratik esaslarda geçirilip, onda saýlaw toparlarynyň düzümine hödürlenýänleriň çäklendirilmedik sany ara alnyp maslahatlaşyldy. Hödürlenilen wekilleriň arasynda dürli ýaşdaky we bilim derejesindäki, guramaçy, tejribeli, il arasynda abraýa eýe bolan, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän, dürli milletlerden bolan saýlaw hukukly raýatlaryň bolmagy etrap, şäher saýlaw toparlaryny täzeden döretmek işleriniň syýasy köpdürlülik we köp partiýalylyk, halk häkimiýetlilik ýörelgeleri hem-de demokratik kadalar esasynda amala aşyrylandygyny äşgär edýär.

Şeýlelikde, etrap, şäher saýlaw toparlarynyň täze düzümine agzalyga wekilleriň jemi 627-si hödürlenildi.

Has takygy:

Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan 168;

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan 27;

Türkmenistanyň Agrar partiýasyndan 77;

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklaryndan 140;

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginden 62;

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyndan 99;

Raýatlaryň toparlaryndan bolsa 54 wekil hödürlenildi.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 32-nji maddasyna laýyklykda, etrap, şäher saýlaw toparlarynyň düzümine agzalyga wekil hödürlemek hakyndaky syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň mejlisleriniň we raýatlar toparlarynyň ýygnaklarynyň beýanlary esasynda, etrap, şäher saýlaw toparlary welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň saýlaw toparlary tarapyndan täzeden döredildi we düzümi tassyklanyldy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 19-njy maddasyna laýyklykda, etrap, şäher saýlaw toparlary özleriniň birinji mejlislerini geçirip, onda toparyň başlygyny, başlygynyň orunbasaryny we kätibini saýladylar. Welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň saýlaw toparlary hem öz geçiren mejlislerinde etrap, şäher saýlaw toparlarynyň täze düzümini tassykladylar we täze düzümiň agzalaryna şahsyýetnamalary dabaraly ýagdaýda gowşurdylar.

Häzirki wagtda ýurdumyz boýunça etrap, şäher saýlaw toparlarynyň jemi 57-si hereket edip, şolaryň her biri 11 agzadan ybarat düzümde täzeden döredildi we saýlaw toparlarynyň agzalarynyň jemi sany 627-ä deň boldy.

Şol sanda:

Ahal welaýatynda 8 sany etrap saýlaw toparlary bolup, agzalarynyň sany 88-e;

Balkan welaýatynda 9 sany etrap, şäher saýlaw toparlary bolup, agzalarynyň sany 99-a;

Daşoguz welaýatynda 10 sany etrap, şäher saýlaw toparlary bolup, agzalarynyň sany 110-a;

Lebap welaýatynda 12 sany etrap, şäher saýlaw toparlary bolup, agzalarynyň sany 132-ä;

Mary welaýatynda 12 sany etrap, şäher saýlaw toparlary bolup, agzalarynyň sany 132-ä;

Aşgabat şäherinde 4 sany etrap saýlaw toparlary bolup, agzalarynyň sany 44-e;

Arkadag şäherinde 2 sany etrap saýlaw toparlary bolup, agzalarynyň sany 22-ä deň boldy.

Ýurdumyz boýunça täze döredilen etrap, şäher saýlaw toparlarynyň agzalarynyň 34,61 göteriminiň zenanlardygyny, 67,31 göteriminiň ýokary bilimli, 24,56 göteriminiň ýörite orta bilimli, 8,13 göteriminiň orta bilimli, 17,54 göteriminiň 30 ýaşa çenli, 28,23 göteriminiň 31-den 40 ýaşa çenli, 21,85 göteriminiň 41-den 50 ýaşa çenli, 32,38 göteriminiň 50 ýaşdan uly raýatlardygyny, şeýle-de 28,71 göteriminiň bolsa 35 ýaşa çenli adamlar-dygyny bellemek bolar, munuň özi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna zenanlaryň we ýaş nesliň hem işjeň gatnaşýandygyny aňladýar.

Şeýlelikde, ýurdumyz boýunça täze döredilen etrap, şäher saýlaw toparlarynyň agzalary geljek bäş ýylyň dowamynda, öz ygtyýarlyklaryna laýyklykda, ýurdumyzda saýlaw möwsüminiň ýokary taýýarlyk we guramaçylyk derejesini üpjün etmäge, ýurdumyzda demokratik esaslarda geçiriljek saýlawlara işjeň gatnaşarlar.