Habarlar

Makalalar

Wideo

Umumy abadançylygy we durnukly ösüşi nazarlaýan tagallalar

2026-05-25

Umumy abadançylygy we durnukly ösüşi nazarlaýan tagallalar

Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 22-nji maýynda paýtagtymyzyň «Garagum» myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde Arkalaşygyň ýurtlary bilen deňhukukly gatnaşyklara esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýär. Mälim bolşy ýaly, indi 35 ýyl bäri işjeň hereket edýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy dünýäde iň täsirli sebitleýin guramalaryň biridir.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 10-njy oktýabrynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çözgüdine laýyklykda, 2026-njy ýylda Türkmenistan bu gurama başlyklyk edýär. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan indi bu gurama üçünji gezek başlyklyk edýär, ýagny öň hem ýurdumyz 2012-nji we 2019-njy ýyllarda GDA-da başlyklyk edip, bu wezipäni abraý bilen ýerine ýetiripdi. 2026-njy ýylda hem GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde dürli geňeşleriň, komissiýalaryň mejlisleri, beýleki duşuşyklardyr çäreler geçirilýär. Ýurdumyz bu möhüm wezipä jogapkärli çemeleşmek bilen, öňde goýlan wezipeleri bilelikde çözmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýar. Degişli meýilnamalar esasynda, ýylyň başyndan bäri dürli geňeşleriň, komissiýalaryň mejlisleriniň we beýleki duşuşyklaryň geçirilmegi ýurdumyzyň Arkalaşykda başlyklyk wezipesini ýokary derejede ýerine ýetirýändiginiň güwäsidir. Hususan-da, ýakynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi üstünlikli geçirildi. Şeýle hem 7-nji oktýabrda GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň «Saglygy goraýyş hyzmatlaryna ählumumy elýeterliligi üpjün etmek we Durnukly ösüş maksatlary» atly maslahatynyň, 9-njy oktýabrda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýolbaşçylyk etdi. Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy çäkli düzümde başlanan mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, döwlet Baştutanymyzyň mähirli salamyny we üstünlikli işlemek baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Soňra Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewe söz berildi. Ol mejlisiň gün tertibi boýunça degişli maglumat bilen çykyş etdi. Gün tertibi tassyklanandan soňra, GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm meseleleri, hususan-da, özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklaryň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Mejlisiň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmalar boldy. Mejlisiň gün tertibiniň çäklerinde degişli guramaçylyk meselelerine hem garaldy. Mejlis tamamlanandan soňra, jemleýji resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Şolaryň hatarynda 2027-nji ýylda Minsk şäherini (Belarus Respublikasy), 2028-nji ýylda Karaganda şäherini (Gazagystan Respublikasy) «GDAnyň ýaşlar paýtagty» diýip yglan etmek hakynda Çözgüt bar.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň netijeleri metbugat maslahatynda beýan edildi. Bellenilişi ýaly, mejlisde GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň giň meseleleri gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda mejlisiň ýokary guramaçylyk derejesi hem-de onuň netijeli häsiýete eýe bolandygy nygtaldy.

Şeýlelikde, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan—bedew batly atmyradyň mekany» ýylynda Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi döwletimiziň GDA-nyň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga, netijeli halkara gatnaşyklara ygrarlydygyny, şeýle hem Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň ählumumy abadançylygyň, durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän giň gerimli hyzmatdaşlygy mundan beýläkde işjeňleşdir- mäge çalyşýandyklaryny tassyklady.

Täze taryhy döwürde 145 ýyllygyny baýram edýän Aşgabat şäheri ýene-de bir gezek dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezine öwrüldi. Taryhy ykballaryň meňzeşligi, medeni kökleriň umumylygy bilen baglanyşyp, bitewi geografik çäkde ýerleşýän ýurtlary birleşdirýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy häzirkizaman dünýäsiniň esasy syýasy bileleşikleriniň biridir. Ýurdumyzyň GDA-da 2026-njy ýyldaky başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyna laýyklykda, paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän «Garagum» myhmanhanasynda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi ýokary derejede we guramaçylykly geçirildi.

Mejlise gatnaşyjylar şu mejlisi guramaga beren goldawy hem-de bilelikde üstünlikli işlemek babatda döredilen ajaýyp şertler üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyna tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.