Habarlar

Makalalar

Wideo

Äleme şugla saçýan sungat

2026-05-30

Äleme şugla saçýan sungat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz tanalmaz derejede özgerýär, ähli ulgamlarda belent sepgitlere ýetilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny uly üstünlik bilen amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň maddy we ruhy gymmatlyklary bu günki gün dünýä çykýar. Milli gymmatlygymyz bolan halyçylyk sungatymyzyň göterilen ykbaly hem her bir türkmen raýatynyň başyny göge ýetirýär. Türkmen halyçylyk sungaty – dünýä medeniýetiniň iň gadymy, nepis we çeper amaly-haşam sungatydyr. Ol türkmen halkynyň taryhyny, dünýägaraýşyny hem-de baý ruhy dünýäsini özünde jemleýän milli buýsançdyr. Özüniň owadanlygy, inçeden kaşaňlygy bilen görenleri maýyl edýän türkmen halysy özüniň ajaýyp keşbi bilen dünýä bellidir. Gyz-gelinlerimiziň el hünäriniň toýy bolan Türkmen halysynyň baýramy eziz Diýarymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde uly şatlyk-şowhun bilen bellenilýär.

Türkmen halysynyň baýramy halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlygynyň – ajaýyp halyçylyk sungatynyň şöhratyny belende göterýän senedir. Bu baýram pederlerimiziň ruhy-ahlak wesýetlerine, gymmatlyklaryna hem-de özboluşly milli ýörelgelerimize wepalylygymyzy görkezýär we şöhraty dünýä dolan türkmen halylaryna, olary dokaýan ussat halyçylaryň çekýän asylly zähmetine goýulýan belent hormatyň nyşany hökmünde bellenilip geçilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen halylar tutuş adamzadyň medeni hazynasynyň ajaýyp ýadygärligi hökmünde ykrar edildi. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi munuň aýdyň beýanydyr.

Türkmeniň halyçylyk sungaty özüniň gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýar. «El hünäri – il gezer» diýlişi ýaly, türkmen halysy asyrlardan-asyrlara aşyp, öz gymmatyny ýitirmän gelýän milli mirasymyzdyr. Halkymyzyň gadymy senedi bolan ajaýyp halylary dokap, Watanymyzyň şan-şöhratyny äleme ýaýýan halyçy gelin-gyzlarymyzyň çeper ellerinden çykýan nepis halylary göreniňde göwün guşuň ganatlanýar.

Elbetde, gözbaşyny halkyň bäş müň ýyllyk taryhynyň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen halysy häzirki nesilleriň ata-babalarymyzyň ruhy gymmatlyklaryna gadymy däp-dessurlaryň dowamlylygyna ygrarlylygyny görkezýar. Bu sungat ene-mamalarymyzyň giň düşünjeliligini, zehinliligini we başarjaňlygyny, irginsiz zähmete ukyplylygyny, tebigy sowatlylygyny aýan edýär we bu ajaýyp sungatyň nesillere miras galýan gymmatly hünärdigini alamatlandyrýar. Türkmen gelin-gyzlarymyzyň dokan halylaryna diňe bir irginsiz zähmet siňdirilmän, eýsem oňa olaryň arzuw-islegleri hem bagyş edilipdir. Halyçy gelin-gyzlarymyzyň ylhamyndan dörän nepis gölli halylar, dokma önümleri bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyklaryň biridir. Her bir halk özüniň gadymdan gelýän milli sungaty, özüne mahsus gymmatlyklary bilen tapawutlanýar. Türkmen halkynyň medeniýetinde halyçylyk senedi hem uly orun eýeläp, ençeme asyrlaryň dowamynda kämilleşip, ajaýyp sungat hökmünde biziň günlerimize gelip ýetipdir. Oguz han türkmeniň döwründen bäri türkmen zenanlarynyň çeper elleri bilen döredilen halylarymyz we haly-palas önümlerimiz Ýer ýüzünde özüniň gözelligi, ýokary hilliligi bilen şöhrata beslenip, owadan öwüşgini bilen tapawutlanýar.

Halyçylyk sungatyny, onuň taryhyny beýan edýän Gahryman Arkadagymyzyň çuň many-mazmuna eýe bolan «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» ýaly kitaplary türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryna goýýan beýik sarpasynyň nyşanydyr. Halyçylyk hünärini sungat derejesine ýetiren ussat gelin-gyzlarymyz üçin dokma daragynyň sesi hem owaz, hem aýdym, simfoniýa bolup eşidilýär. Bu owaz olaryň ýüreklerine üýtgeşik täsir edip, nepis halylaryň täze görnüşlerini dokamaklyga, döredijilik üstünliklerine ruhlandyrypdyr.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde milli halyçylyk sungatymyzyň şöhraty dünýä dolýar. Türkmen halysynyň baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde halkara sergileriniň we ylmy maslahatlarynyň yzygiderli geçirilip durulmagy türkmen halysynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýedir.

Ýurdumyzda halyçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär we kämilleşdirilýär. Täze çeper halyçylyk kärhanalary işe girizilýär. Ussat halyçylarymyza hormatly atlar dakylýar, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýlary gowşurylýar. Munuň özi halyçy gyz-gelinlerimizi has-da yhlasly, önjeýli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Özleri hakynda edýän aladalary üçin halyçylarymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýdýarlar.

Milli gymmatlyklarymyza uly hormat-sarpa goýup, döredijilikli zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ömürleri uzak, janlary sag, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 Baýramyňyz gutly bolsun, mähriban halyçy zenanlar!

Bahar Dinmädowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Daşoguz welaýaty boýunça iş ýöredijisi.