2026-09-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ugurlaryny döwrebap şertlerde ösdürmek, olaryň işini halkara derejesinde yzygiderli kämilleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy möhüm ugurlarynyň biridir. Şonuň esasynda hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýy uludan bellenilýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda merdana halkymyz milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny uly ösüşlere, üstünliklere besleýär. Bu buýsançly wakalar bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygarynyň täze eýýamda öz many-mazmunyna eýe bolýandygyny äşgär edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň kämil peder ýoluny, «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygaryny mynasyp derejede dowamata besleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly tagallalary esasynda asuda, parahat ýurdumyzda gazanylýan uly üstünlikler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrýar, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkidýär. Munuň özi bolsa, mukaddes Garaşsyzlyk bagtynyň datly miweleridir.
Şöhratly ata-babalarymyzyň, hususan-da beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döwlet berkararlygy baradaky ajaýyp arzuwlary 1991-nji ýylyň tyllaýy güýzünde hasyl boldy. Asuda Türkmenistan döwletimizde Garaşsyzlyk güni her ýylyň 27-nji sentýabrynda agzybirlik, uly buýsanç, ruhubelentlik we toý-dabaralar bilen giňden bellenilip geçilýär. Garaşsyzlyk biziň ruhy buýsanjymyzdyr, egsilmez bagtymyzdyr. Garaşsyzlyk baýramy bolsa, baş baýramymyzdyr, bu baýram ata-babalarymyzyň wesýet eden ynsanperwerlik ýörelgeleriniň, özygtyýarly döwlet, adalatly jemgyýet hakynda asyrlarboýy edip gelen nurana arzuwlarynyň, halkymyzyň agzybirliginiň, bedew batly ösüşlerimiziň dabaralanmasydyr, türkmen halkynyň hoşniýetli we ösüşli ak ýoludyr.
Mukaddes Garaşsyzlygymyz halkymyzyň köňül köşgi, ruhy tagtydyr we başynyň täjidir, Garaşsyzlyk bagtynyň gadyr-gymmatyny hiç bir zat bilen deňäp ýa-da ölçäp bolmaýar.
Gahryman Arkadagymyzyň 2007-nji ýylda neşir edilen «Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr» atly we 2021-nji ýylda neşir edilen «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly gymmatly kitaplarynda hem Garaşsyzlyk bagtynyň gadyr-gymmaty barada pähim-parasatlylyk bilen beýan edilýär. Aslyýetinde, türkmen durmuşynda Watanyňy, halkyňy, ene topragyňy söýmek taglymaty, eýýäm çagalyk döwründen başlap, ene hüwdüsi, ene mähri, ene süýdi bilen nesilleriň süňňüne, kalbyna, ruhy dünýäsine müdimilik ornaşýar.
Esasan hem Türkmenistanyň öz Garaşsyzlygynyň taryhy döwrüni agzybirlikde we parahatçylykly ýol esasynda geçendigini şükranalyk we ýakymly duýgular bilen aýratyn belläp geçmek gerek. Munuň özi taryhda onlarça dürli-dürli döwletleri döreden merdana türkmen halkynyň kämil döwletlilik ýörelgesiniň Garaşsyzlyk eýýamyndaky dabaralanmasydyr.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň yglan edilmegi bilen halkymyzyň taryhynda täze eýýam başlandy. Garaşsyzlyk köp asyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, şeýle hem arzyly ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik berdi. Türkmenistanyň Konstitusiýasy Garaşsyzlygymyzyň milli demokratik ýörelgelerini we döwlet gurluşynyň esaslaryny kepillendirdi. Garaşsyz döwlet hökmünde ýurdumyz halkara jemgyýetçiligiň deňhukukly agzasy bolup, dünýä döwletleri bilen özara hormata we bähbitlere esaslanýan hoşniýetli halkara gatnaşyklaryny ýola goýdy hem-de ony yzygiderli ösdürdi. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň halkara abraýy barha ýokarlandy. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda halkara guramalary, hususan-da Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde amala aşyrýan ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň esasynda mukaddes ata Watanymyzyň ösüş arkaly parahatçylyga gönükdirilen ýörelgesi dünýä diplomatiýasynyň tejribesine nusga alarlyk goşant goşdy.
Türkmenistanyň döwlet senasynyň buýsançly ajaýyp jümleleri her bir türkmenistanlynyň zybanynda mukama öwrülip, bu günki gün türkmen halkynyň Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, watansöýüjilik, parahatçylyk taglymaty dünýä ýaň salýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyz barada ençeme eserler, goşgudyr gazallar, aýdymdyr sazlar, mukamlar döredildi. Şol eserler bolsa, halkymyzyň, şol sanda ýaş nesillerimiziň buýsanjyna, diliniň senasyna öwrüldi. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraý-mertebesi belende göterildi. Garaşsyzlyk eýýamynda milli ykdysadyýetmiziň ähli pudaklarynda uly ösüşler, üstünlikler gazanyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň we hormatly Prezidentimiziň ýakyndan ýardam bermegi netijesinde Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň saýlaw ulgamynda hem uly ösüşleriň, üstünlikleriň gazanylandygyny bellemek gerek. Sebäbi diýeniňde, saýlawlary milli kanunçylyklarymyza, halkara kadalaryna laýyklykda we demokratik şertlerde guramaçylykly geçirmek, saýlaw ulgamynyň kanunçylyk binýadyny döwrebap şertlerde yzygiderli kämilleşdirmek we ösdürmek babatynda oňyn tejribeler toplanyldy.
Güneşli diýarymyzda ähli ugurlarda ýetilen bu bedew batly ösüşlerimiz bolsa biziň buýsanjymyza buýsanç goşýar.
Elbetde, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem agzybir, watansöýüji türkmenistanlylar mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk şanly baýramyna täze üstünlikler bilen uly ruhubelentlikde barýar. Çünki, Garaşsyzlyk — bagtyýarlygymyzyň we bedew batly ösüşlerimiziň sütünidir.
Oguz han atamyzyň agzybirlik baradaky wesýetlerine eýerýän, beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ajaýyp Garaşsyz döwletinde ýaşaýan bagtyýar türkmen halkyny ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, mertebeleriniň hemişe belent bolmagyny, il-ýurt, umumadamzat bähbitli alyp barýan tutumly işleriniň hemişe rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Dinmuhammet Annaçaryýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.
