Habarlar

Makalalar

Wideo

MERDANA PEDERLERIMIZE TAGZYM

2026-10-05

MERDANA PEDERLERIMIZE TAGZYM

Türkmen halkynyň gadymdan gözbaş alýan şöhratly taryhy bar. Merdana pederlerimiz taryhda edermenligiň, watansöýüjiligiň, il-halka hyzmat etmegiň belent nusgasyny görkezipdirler. Ata-babalarymyzyň bu asylly ýörelgeleri, merdanalyk ýoly nesiller üçin nusgalyk mekdepdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan taryhy özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine ynamly barýan Watanymyzda bu ýörelgeler has-da rowaçlanýar.

Däp-dessurlara döwlet derejesinde belent sarpa goýulýar. Her ýylyň 6-njy oktýabrynda söweş meýdanlarynda wepat bolanlar hem-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlar ýatlanylyp, Hatyra güni bellenilýär. Öten-geçenleri ýatlamak, edermen Watan goragçylaryny, tebigy betbagtçylykda pida bolanlary hatyralamak däbi halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ynsanperwer ýörelgeleriniň biridir. Hatyra gününde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Watan gahrymanlarynyň ruhlarynyň şat bolmagy dileg edilip, aýat-töwir okalýar, sadakalar berilýär.

Türkmen halkymyzda «Öli aýatdan doýmaz, diri — hezzetden», «Ulusyny sylan baý bolar, ölüsini sylan beg bolar» diýlen pähim bar. Munuň özi pederlerimiziň edep-terbiýe jähdindenem, adamkärçilik babatda hem iň bir inçelikleri-de gözden salmandyklaryna şaýatlyk edýär. Sebäbi, ýokardaky jümlede iň gymmatly hazyna-ruhy baýlyk göz öňünde tutulýar. Nämedir bir zadyň ýa-da kimdir biriniň hatyrasy ynsanyň köňül köşgüniň baýlygy. Hut şonuň üçin öz ezizlerimizi, gahrymanlarymyzy, şehitlerimizi ýatlap, her ýylyň güýzünde olary döwlet derejesinde hatyralamagymyza tebigat hem öz raýdaşlygyny bildirýän ýaly. Daş-töwerek sarylyga bürenip, beýik geçmişimiziň hatyrasyny tutýan ýaly bolup, agras görünýär.

Hatyra güni — hemmämiz üçin agzybirligiň we mähremligiň sapagy.

Hatyra güni — ata-babalara wepalylyk we adamçylyk borjumyza ygrarlylyk babatda ýaş nesle görkezýän görüm-göreldämiz, berýän sapagymyz. Paýtagtymyzda bina edilen «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy bu gün nesilleriň arasyndaky ruhy baglanyşygyň beýanyna öwrüldi. Bu ýerdäki «Ruhy tagzym», «Milletiň ogullary», «Baky şöhrat» diýen ýadygärlikleri, şeýle hem «Watan mukaddesligi» muzeýi halkymyzyň gaýduwsyz gahrymanlaryna, türkmen halkynyň öz beýik geçmişine çuňňur hormat goýýandygynyň nyşany bolup, watançylyk ruhuňy belende göterýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, «Dünýäde şeýle bir mukaddes gymmatlyk bar. Oňa «Watan» diýilýär. Watana bolan söýgi ynsan üçin iň beýik söýgüdir. Mukaddes söýgüdir. Watana bolan söýgi ynsanyň tutuş ömrüni bezeýär. Ynsan üçin Watandan beýik mukaddeslik, Watandan beýik gymmatlyk ýokdur. Bagtly bolmak üçin Watany söýmek gerek. Edebiň ýagşysy hem Watany söýmekdir». Çünki Watan ähli mukaddeslikleriň jemlenen, göbek ganyň daman, pederleriň aýak yzlarynyň galan topragydyr.

Ildeşlerimiziň müňlerçesi 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda söweş meýdanlarynda doganlyk halklar bilen birlikde egin-egne berip, gaýtalanmajak mertlik görkezip, gahrymanlarça söweşdiler. Şolaryň hatarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň hem bardygyny uly buýsanç bilen ýatlamak biziň watançylyk ruhumyzy belende göterýär. Onuň durmuş ýoly türkmen ýaşlary üçin hakyky watansöýüjiligiň hem-de Watan öňündäki borja wepalylygyň belent nusgasydyr. Urşuň yzysüre ykbal türkmen halkyny ýene bir agyr synagdan geçirdi. 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda, gije bolan ýer titremesi watandaşlarymyzyň müňlerçesiniň ömür tanapyny kesdi, olaryň arasynda Berdimuhamet Annaýew hem bardy. Bu ýitgi diňe Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň däl-de, tutuş türkmen halkynyň agyr ýitgisi, hasraty boldy.

Bu günki nesiller ata-babalaryny ýatlap, sarpasyny belentde saklaýarlar. Her bir köňülde şol pajygaly günleri başlaryndan geçirip, durmuş synaglaryny mertlerçe ýeňip geçen ata-babalaryna bolan uly buýsanç-baky hatyra bar. Erkana ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bellenilip geçilýän Hatyra güni hem munuň şeýledigini äşgär edýär.

Bedew bady bilen öňe barýan. ajaýyp arzuwlaryň, asylly işleriň hasyl bolýan ýurdunda halkymyzy döwletli döwranda ýaşadýan, ata-babalarymyzy hatyralaýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlanmagyny, Watanymyzyň gülläp ösmegini arzuw edýäris.

Hatyra gününde öten-geçenleri ýatlap etjek aýat-töwirleriňiz Hak dergähinde kabul bolsun, eziz ildeşler!

Jennet Saparowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.