Habarlar

Makalalar

Wideo

BILELIKDE AÝDYŇ GELJEGE TARAP

2026-10-09

BILELIKDE AÝDYŇ GELJEGE TARAP

Bilşimiz ýaly, şu günler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda   ýokary derejeli halkara çäreleri geçirilýär. 8-nji oktýabrda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň geçirilýän ýeri bolan «Awaza» toplumyna geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Hazaryň kenarynda geçirilýän konsultatiw duşuşyga gatnaşýan belent mertebeli myhmanlary mähirli garşylady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Azerbaýjan Respublikasy ilkinji gezek bu sebit dialogyna resmi görnüşde gatnaşýar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet baştutanlarynyň arasynda geçirilýän konsultatiw duşuşyk   häzirki wagtda   Ýewraziýa gi­ňişliginde  özara goşulyşmak hereketiniň netijeli  häsiýete eýe bolmagyny üpjün edýän wajyp forumdyr. Munuň özi ähliumumy ösüşiň ilerlemegine bolan gyzyklanmalaryň bir maksady nazarlaýan-dygynyň nobatdaky beýanydyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz tutuş sebit ähmiýetli meseleleri öz içine alýan duşuşyga gatnaşýan belent mertebeli myhmanlary sahawatly türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýdyp, olara konsultatiw duşuşyga gatnaşmaga iberilen çakylygy kabul edendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

  Soňra Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki surata düşmek dabarasy boldy. Soň­ra hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde ýylyň möhüm wakasyna öwrülen duşuşyk öz işine başlady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow duşuşyga gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygynyň işiniň başlamagy bilen gutlady we sammitiň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe geçen ýyl Daşkentde geçirilen ýedinji konsultatiw duşuşykda bildirilen myhmansöýerlik we duşuşyga netijeli başlyklyk edendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu gün ilkinji gezek altytaraplaýyn formatda resmi taýdan duşuşylýandygyny aýtdy we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewi aýratyn mübärekledi hem-de ony bu şanly waka bilen gutlady.

Azerbaýjanyň goşulmagy, biziň pikirimizçe, döwletlerimiziň köpýyllyk özara ýakynlaşmagynyň, doganlyk, hoşniýetli goň­şuçylyk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmegiň möhümdigine düşünmegiň kanunalaýyk netijesi, halklarymyzyň ösüş ýoly bilen bilelikde, egin-egne berip, öňe gitmäge bolan ymtylyşynyň beýany boldy diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Şu günki duşuşygyň dowamynda biz meseleleriň uly toplumyny ara alyp maslahatlaşarys. Dünýädäki we sebitdäki ýagdaýlar çalt özgerýär, täze şertler ýüze çykýar. Bu biziň aýratyn üns bermegimizi, dogry we öň­dengörüjilikli çözgütleri işläp taýýarlamak üçin dürs baha bermegi talap edýär diýip hasaplaýaryn.

 Şu gün öňümizde giň möçberli, strategik maksatlary goýup biljekdigimize ynanýaryn. Ýurtlarymyzyň ykdysadyýetleriniň durnukly ösüşi, olaryň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, hiliniň we tehnologik derejesiniň ýokarlandyrylmagy umumy bähbitlere laýyklykda we özara bähbitli şertlerde hyzmatdaşlygymyzy has-da artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Möhüm logistika we energetika ösüş merkezleri hökmünde Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň sebitdäki hem-de dünýädäki orny yzygiderli artýar. Bu bolsa Aziýadaky we Ýewropadaky hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ösdürmek üçin mümkinçilikleri açýar.

Biziň umumy ruhy we medeni ýakynlygymyzy pugtalandyrmak, ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda boldy we şeýle bolmagynda galýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi hem-de şu gün bu möhüm meseleleriň we ugurlaryň ählisiniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny, beriljek bahalaryň, teklipleriň bolsa biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň döredijilikli ösüşine hem-de abadançylygyna gönükdiriljekdigini nygtady.

Soň­ra hormatly Prezidentimiz çykyş etmek üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe söz berdi.

Soň­ra hormatly Prezidentimiz döwlet Baştutanlaryna ýüzlenip, konsultatiw duşuşyga gatnaşandyklary, halklarymyzyň we ýurtlarymyzyň arasynda dost-doganlyk, hoşniýetli goň­şuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyklary üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygyny ýapyk diýip yglan etdi we degişli resminamalara gol çekmek dabarasyna geçmegi teklip etdi.

Soň­ra Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň kadalaşdyryjy resminamalary hakynda çözgüde gol çekildi.

Şeýlelikde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň parahatçylyk döredijiligiň we sebit hyzmatdaşlygynyň merkezi hökmünde öz ornuny pugtalandyrýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň­lygy bilen subut etdi.

 Soňra  hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, şeýle-de, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen duşuşdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Ge­ňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.

Sergeý Lebedew duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Arkalaşykda Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy hem-de köpugurly dialogy ösdürmäge berýän goldawyna ýokary baha berilýändigini belledi. Şeýle hem GDA-nyň Baş sekretary pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny beýan etdi hem-de gurama agza döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde Milli Liderimiziň uly goşandyny belledi. Hormatly Prezidentimiz hoş niýetli sözler üçin minnetdarlyk  bildirip, halkara gün tertibiniň giň ugurlary boýunça pikir alyşmak üçin meýdança boljak GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Ge­ňeşiniň mejlisiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Mundan başga-da, 8-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän halkara çärelere gatnaşýan döwlet Baştutanlary we belent mertebeli myhmanlar Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň we Eýran Yslam Respublikasynyň milli tagamlarynyň festiwalyna gatnaşdylar. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň medeniýetleri özboluşly aýratynlyklara eýe bolmak bilen, olary taryhyň, medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde bu ýurtlar baý medeni mirasyny, şol sanda milli aşhana däplerini gorap saklamak hem-de wagyz etmek ugrunda giň gerimli işleri durmuşa geçirýärler. Şu günki dabara bu doganlyk ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga, olaryň halklarynyň taryhy, baý medeni mirasy bilen tanyşmaga gönükdirilen, medeni diplomatiýany ösdürmek üçin netijeli meýdança öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz hem-de belent mertebeli myhmanlar türkmen halkynyň gadymdan gelýän myhmansöýerlik däplerine laýyklykda garşylanyldy. Soň­ra hormatly Prezidentimiz hem-de ýokary derejeli wekiliýet ýolbaşçylary Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň we Eýran Yslam Respublikasynyň sergi bölümleri bilen tanyşdylar. Bu sergi geçmiş bilen şu günüň arasyndaky köpriniň aýdyň nyşany bolmak bilen, medeni gatnaşyklary işjeň­leşdirmekde täze mümkinçilikleri açýar. Her ýurduň sergi meýdançasynda şol ýurtlaryň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde çykyşlar hem ýaýbaňlandyryldy.

Soňra «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky suw çüwdürimler toplumynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti ýaýbaň­landyryldy. Medeni çärä hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Ge­ňeşiniň mejlisine gatnaşýan ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýet ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Dabaranyň başynda «Bedew bady: güýç hem gözellik» atly döwletara telewizion filmler bäsleşiginde «Ahalteke bedewi — milletiň genji-hazynasy» atly filmi bilen ýeňiji bolan russiýaly režissýor Robert Fransewe bäsleşigiň ýörite ýadygärlik heýkeli, diplomy, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan 10 müň amerikan dollary möçberindäki pul baýragy gowşuryldy. Hazaryň kenarynda guralan halkara çäreler mynasybetli GDA agza ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertinde «Tatar gyzy — 2026» atly halkara bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, baş baýraga mynasyp bolan özbegistanly A.Mahmudowa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan baş baýrak — «ZEEKR X9» kysymly awtoulagyň açary gowşuryldy.