Habarlar

Makalalar

Wideo

SAGLYK – BEGLIK

2006-10-09

SAGLYK – BEGLIK

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asyrlara barabar tutumly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda şeýle döwletli işler milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, saglyk ulgamynda hem öz aýdyň beýanyny tapýar. Bu babatda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglyk ulgamynyň ylym-bilim, kanunçylyk, binagärlik, maddy-enjamlaýyn binýady döwrebap şertlerde berkidilýär. Abadan ülkämizde halkara saglyk merkezleri, döwrebap hassahanalar yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlaryny dowamata besleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ilatyň saglygyny goramaga, ýagny ýurtda saglyk ulgamynyň, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň, sportuň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär we munuň üçin ähli häzirkizaman şertleri döredilýär. Bu asylly ýörelgeler bolsa, özüniň köklerini gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýar.

Aslyýetinde, «Il saglygy — ýurt baýlygy», «Saglygym bar — baýlygym bar», «Saglygym — baş baýlygym», «Saglyk — beglik» diýip, ähli ugurda baý tejribelerini, ýagşy durmuş ýörelgelerini miras goýup giden ata-babalarymyz sagdyn bedenli, sagdyn ruhly bolmagy bahasyz baýlyk hasaplapdyrlar. Gündogaryň belli lukmany-medisinanyň düýbüni tutujy Abu Ali ibn Sina bolsa saglygy häsiýetlendirip: hemme zatda aramlygy  ündeýär-saglygyň esasy syry ortaça derejede iýmitlenmek, beden bilen ruhuň sazlaşygy, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgesidir-diýýär.

Asylly däbe görä, her ýylyň 10-njy oktýabrynda asuda ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni toý-dabaralara beslenip, uludan bellenilýär. Bu bolsa, adamyň saglygyny goramagyň döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridigini äşgär edýär.   Bu babatda Türkmenistanyň häzirkizaman medisinasy has ýokary hilli enjamlary bilen tapawutlanýar. Biziň dünýä ülňülerine laýyklykda gurlan ýörite we köpugurly hassahanalarymyza Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Koreýanyň we beýleki ösen ýurtlaryň tehnologiki kompaniýalarynyň enjamlary ornaşdyrylandyr. Şu nukdaýnazardan, bilimleri kämilleşdirmek boýunça degişli okuw forumlary hem ýurdumyzda ýola goýlandyr.

Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanda ýaşlaryň häzirki zaman bilimini we lukmançylyk ugry boýunça hünärleri edinmegi üçin ähli şertler döredildi. Täze saglygy goraýyş desgalarynda zähmet çekjek lukmanlaryň ýokary hünär derejesiniň bolmagy bu ugurda möhüm bölek bolup durýandyr. Şonuň üçin dünýäniň öňdebaryjy klinikalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda onlaýn okuw sapaklaryny guramak we hünärmenleriň arasynda şahsy duşuşyklary geçirmek türkmen lukmanlarynyň hünär taýdan kämilleşmeginiň esasy şertleriniň biridir.

Şeýlelikde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz-Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, şeýle hem ilatyň saglygyny goramak syýasatynyň esasyny goýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, Türkmenistanyň bu ulgamda ýokary netijeleri gazanandygyny uly buýsanç bilen tassyklamak bolar.

Milli saglygy goraýyş ulgamynyň  yzygiderli ösdürilmegi boýunça işler dowam etdirilýär. Ýurdumyzda giň­den bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli birnäçe lukmançylyk desgalaryny dabaraly ýagdaýda açyp ulanmaga bermeklik meýilleşdirilýär. Şeýle hem hünär baýramyna gabatlap, «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergini hem-de ylmy maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar.

Sporty, sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmek babatynda halkara derejesinde nusgalyk işleri yzygiderli amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkymyz üçin edýän beýik işlerinde uly üstünlikler, berk jan saglyk we rowaçlyk arzuw edýäris.

Güneşli diýarymyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli bellenilýän baýramyňyz gutly bolsun, eziz watandaşlar!

Ogulmaral Rejepowa,

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň esasy hünärmeni.