2026-10-12
Ozal habar berilişi ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde ilkinji gezek Eýran Yslam Respublikasynyň gatnaşmagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, şu ýyl GDA-da Türkmenistan başlyklyk edýär. Ýurdumyz bu möhüm wezipäni örän jogapkärçilikli ýerine ýetirýär. Şu maksat bilen döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny öz içine alýan degişli konsepsiýa işlenip taýýarlanyldy. Häzirki döwürde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk Ýewraziýa giňişliginde ykdysady durnuklylygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhüm şertleriniň biri bolup durýar.
Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesi onuň Arkalaşykdaky netijeli ornuny kesgitleýär. Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, möhüm ykdysady we ynsanperwer başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär.
Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň geçirilýän ýerinde — «Awaza» toplumynda mejlise gatnaşyjy wekiliýet Baştutanlaryny mähirli garşylady.
Döwlet Baştutanlarynyň bilelikde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi öz işine başlady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri, Belarus Respublikasynyň Prezidenti, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary gatnaşdylar. Şeýle hem mejlise hormatly myhman hökmünde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti hem gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimiz sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň Arkalaşygyň alyp barýan işinde ýylyň möhüm wakasydygyny, şu gün ýerine ýetirilen işleriň käbir jemleriniň jemleniljekdigini, geljekki döwür üçin wezipeleriň hem-de ugurlaryň kesgitleniljekdigini belledi.
Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyk hökmünde öz işine örän jogapkärçilikli çemeleşdi. Biz Tertipnamada göz öňünde tutulan ähli çäreleriň, şeýle hem häzirki bilelikdäki işler bilen baglylykda beýleki duşuşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etdik. GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň, daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň, Ykdysady Geňeşiň, birnäçe pudak edaralarynyň mejlisleri geçirildi. Ykdysady meseleler boýunça toparyň duşuşyklary yzygiderli guraldy. Ähli duşuşyklaryň baý many-mazmunly we netijeli iş ýagdaýynda geçendigini bellemek gerek diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, ähli wekiliýetlere bu çärelere gatnaşýandyklary hem-de hyzmatdaşlyga taýýardyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz munuň oňyn netijeleri gazanmaga mümkinçilik berendigini belläp, Arkalaşygyň işini netijeli utgaşdyrýandygy üçin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewe minnetdarlyk bildirdi.
Şu günki mejlisiň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döredilmeginiň 35 ýyllygynyň bellenilýän döwründe geçirilmegi onuň tapawutly aýratynlygydyr. Munuň özi möhüm senedir. Bu gün geçilen ýoluň käbir meselelerini jemlemek bilen, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň bu ýoly mynasyp geçendigini ynamly aýtmak bolar. Käbir kynçylyklara garamazdan, biz hyzmatdaşlygyň binýadyny gorap saklamagy, onuň deňhukukly, özara hormatly we bähbitli häsiýetini üpjün etmegi başardyk diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Ýurdumyz mundan beýläk hem GDA-nyň çäklerinde dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrunda işlemegini we ähli bilelikdäki meýilnamalary hem-de taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam bermegini dowam eder diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Arkalaşygyň döwletleriniň halklaryna parahatçylyk hem-de abadançylyk baradaky tüýs ýürekden arzuwlaryny beýan etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz bu gün Geňeşiň garamagyna ynsanperwer hyzmatdaşlyk, howpsuzlygy we ulag arabaglanyşygyny üpjün etmek hem-de hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlary bilen baglanyşykly möhüm meseleleriň hödürlenendigini aýdyp, mejlisiň gün tertibi baradaky maglumaty yglan etmek üçin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewe söz berdi. Sergeý Lebedew GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň döwletleriň we Arkalaşygyň düzümleriniň teklipleri esasynda taýýarlanylan hem-de Geňeşiň Başlygy bilen ylalaşylan gün tertibiniň taslamasy barada maglumat berdi.
Mejlise gatnaşyjylaryň biragyzdan goldamagynda mejlisiň gün tertibi tassyklanylandan soňra hormatly Prezidentimiz çykyş etmek üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýana, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe söz berdi.
Hormatly Prezidentimiz açyk we netijeli pikir alyşmalar üçin mejlise gatnaşyjylara minnetdarlyk bildirip, çykyşlaryň dowamynda GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen möhüm hem-de netijeli teklipleriň beýan edilendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine mejlisde beýan edilen başlangyçlary seljermegi hem-de wekiliýet Baştutanlarynyň ähli teklipleriniň iş ýüzünde amala aşyrylmagy üçin anyk çäreleri işläp taýýarlamagy teklip etdi.
Soňra 2027-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Özbegistan Respublikasynyň başlyklyk etmegi baradaky çözgüt kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylaryň ählisiniň adyndan özbek tarapyny gutlap, üstünlikli başlyklyk etmegi arzuw etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana söz berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedewe söz berdi. Sergeý Lebedew çäkli düzümdäki mejlisde kabul edilen çözgütler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, wekiliýet Baştutanlary 2027-nji ýylda Arkalaşykda Özbegistan Respublikasynyň başlyklyk etmegi, Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň bolsa bilelikde başlyklyk etmegi baradaky çözgüdi kabul etdiler. Şeýle hem döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini 2027-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasynda geçirmek baradaky Çözgüt kabul edildi. Şeýle hem Sergeý Lebedew Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döredilmeginiň 35 ýyllygy bilen baglanyşykly Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Beýannamasy hakynda maglumat berdi.
Soňra resminamalara gol çekmek dabarasy boldy
Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, şu günki mejlisiň netijeli geçendigini, resminamalary kabul etmekden başga-da, wekiliýet Baştutanlarynyň GDA-nyň çäklerindäki köpugurly hyzmatdaşlygyň, şeýle hem halkara gün tertibiniň meseleleriniň giň toplumy boýunça netijeli pikir alyşandyklaryny belledi.
Şeýlelikde, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Awazada geçirilen mejlisi GDA ýurtlarynyň ykdysady integrasiýany çuňlaşdyrmaga çalyşýandyklaryny görkezip, möhüm sebit we ählumumy meseleleri çözmekde türkmen diplomatiýasynyň ýokary netijeliligini subut etdi.
Şeýle-de, 9-njy oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleriniň gatnaşmaklarynda Hazar ekologiýa sammiti geçirildi.
Soňra Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Hazar ekologiýa sammitiniň netijeleri boýunça Çözgüdine gol çekildi hem-de Hazar ekologiýa sammitinde Başlyklyk edijiniň Beýannamasy kabul edildi.
Awazada geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň we Hazar ekologiýa sammitiniň jemleri boýunça metbugat maslahaty geçirilip, bu wakalaryň halkara derejesindäki ähmiýeti bellenildi.
Soňra hormatly Prezidentimiz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy.
Şeýlelikde, Hazar deňziniň ajaýyp türkmen kenarynda ýokary derejedäki çäreleriň üstünlikli geçirilmegi halkara diplomatiýanyň we netijeli dialogyň ykrar edilen merkezi hökmünde ýurdumyzyň eýeleýän ornunyň barha pugtalandyrylýandygyny nobatdaky gezek subut etdi.
