TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

05 Few

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Synçylar topary Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna gözegçilik etmegini dowam edýär

GDA-nyň synçylary Daşoguz we Lebap welaýatlarynda saýlaw möwsüminiň barşy bilen tanyşdylar. Saýlaw toparlarynyň ýolbaşçylary GDA-nyň synçylaryna saýlawlara taýýarlyk görmek boýunça alnyp barlan işler barada habar berip, etrap, şäher we uçastok saýlaw toparlarynyň agzalary üçin geçirilen okuw maslahatlarynyň hem-de saýlawlaryň maglumat taýdan üpjünçiliginiň üstünde giňişleýin durup geçdiler.

Synçylar toparynyň agzalary saýlaw uçastoklarynda saýlawçylaryň sanawy, öňünden ses bermegiň barşy bilen tanyşdylar.

GDA-dan bolan synçylar saýlaw uçastoklarynyň tehniki taýdan oňat enjamlaşdyrylandygyny hem-de usulyýet gollanmalary bilen üpjün edilendigini, saýlawlary geçirmäge taýýardygyny belleýärler.

Syýasy partiýalardan Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärler hödürlenende we bellige alnanda kanunçylygyň berjaý edilişi, şeýle hem alnyp barylýan wagyz ediş möwsümi Demokratik partiýanyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Agrar partiýanyň sebitlerdäki bölümleriniň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyklarda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşler duşuşyklaryň barşynda saýlaw möwsüminiň hereket edýän kanunçylygyň çäklerinde alnyp barylýandygyny bellediler. Synçylar toparynyň wekilleriniň Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär D.Orazow bilen bolan duşuşygynda bu meselä garaldy.

GDA-dan bolan synçylar toparynyň döredilmegi tamamlandy. Azebaýjan Respublikasyna, Ermenistan Respublikasyna, Belarus Respublikasyna, Gazagystan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna, Täjigistan Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna, GDA agza döwletleriň Parlamentara Assambleýasyna, Belarus we Russiýa Birleşiginiň Parlament Ýygnagyna hem-de GDA-niň Ýerine ýetiriji komitetine wekilçilik edýän 73 adam resmi taýdan hasaba alyndy.

10 Dek
Okuw maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...

04 Dek
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...

02 Dek
Täze döredilen etraplaryň saýlaw toparlary döredildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...

28 Noý
Täze belentlikleri nazarlaýan türkmen-gazak hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan bilen Gazagysta...

20 Noý
Saýlaw ulgamynda halkara tejribesi öwrenilýär

Hormatly Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň gerimi barha giňeýär. Hormatly Prezidentimiziň rugsat bermegi esasynda hem-de saýlawlary g...

10 Noý
«Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky sammit

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 4-7-nji noýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ABŞ-nyň Prezidenti...

05 Noý
Hormatly Prezidentimiz möhüm desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 2-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuww...

28 Okt
Türkmenistan — Italiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Italiýa Respublikasyna...