TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

10 Noý

«Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky sammit

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 4-7-nji noýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň çakylygy boýunça ABŞ-nyň Waşington şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky sammite gatnaşdy.

Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Şol strategiýada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary mynasyp dowam etdirilýär.

Türkmenistany hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan köpýyllyk gatnaşyklar baglanyşdyrýar. 1992-nji ýylda ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan bäri bu dialog yzygiderli ösdürilip, syýasatdan we ykdysadyýetden başlap, ynsanperwer hyzmatdaşlyga çenli ugurlaryň giň gerimini öz içine alýar.

ABŞ-nyň Waşington şäheriniň Andrews Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň resmi adamlary hem-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Ak tama bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy we Ak tamyň «Ruzwelt» otagynda Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Prezident Donald Tramp belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi.

 Döwlet Baştutanymyz duşuşmak üçin Ak tama gelmäge, şeýle hem «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşmaga çakylyk üçin ABŞ-nyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, bu formatyň ýurtlarymyzyň arasynda ugurlaryň giň gerimi boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny belledi we bu duşuşygyň Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2025-nji ýylyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini aýdyp, Birleşen Ştatlaryň ýurdumyzyň bu başlangyjyny goldandygyny, Türkmenistanyň hem Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýändigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem - de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny ähli esasy ugurlar boýunça mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Soňra hormatly Prezidentimiz «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşdy. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejeli duşuşyga Gazagystan, Gyrgyz, Täjigistan Özbegistan Respublikalarynyň Prezidentleri gatnaşdylar.

Sammitiň öňüsyrasynda döwlet Baştutanlarynyň bilelikde resmi surata düşmek dabarasy boldy.

Prezident Donald Tramp sammite gatnaşyjylary mübärekläp, çakylygy kabul edip Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna gelendikleri üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de bu ýokary derejedäki duşuşygyň alty-taraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarjakdygyna ynam bildirdi.

Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyş edip, «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşmaga çakylyk üçin Prezident Donald Trampa minnetdarlyk bildirdi we bu formatyň döredilen wagtyndan bäri gazanylan oňyn netijelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň howpsuzlyk, ykdysadyýet, energetika, daşky gurşaw ýaly möhüm strategik ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandygyny belläp, sammitiň netijeleriniň Merkezi Aziýa bilen ABŞ-nyň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi hem-de Prezident Donald Trampa mähirli kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Prezident Donald Tramp döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi.

Sammitiň dowamynda altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bilelikdäki işiň geljekki ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Ýokary derejeli duşuşygyň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň, Gazagystan, Gyrgyz, Özbegistan, Täjigistan Respublikalarynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Hökümetleriniň arasynda meýiller hakynda Beýannama, medeni miras babatda Türkmenistanyň, Gazagystan, Gyrgyz, Özbegistan, Täjigistan Respublikalarynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Hökümetleriniň arasynda meýiller hakynda Beýannama kabul edildi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasynyň Daşary işler boýunça komitetiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kiçi komitetiniň başlygy Bill Hýuzenga hem-de onuň orunbasary Sidni Kaý Kamlager-Daw bilen duşuşdy.

ABŞ-nyň Kongresiniň wekilleri belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň ABŞ bilen syýasy, ykdysady, ynsanperwer ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini aýtdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz şu ýyl Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň «C5+1» formatyndaky hyzmatdaşlygyna 10 ýyl dolýandygyny, bu hyzmatdaşlygyň howpsuzlyk, ykdysady, howa we energetika meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli binýada öwrülendigini nygtady. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň gazanylan netijelere ýokary baha berýändigini hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň Baş direktory Jon Riz bilen duşuşdy.

Hormatly Prezidentimiz işewüri mähirli mübärekläp, saparyň çäklerinde geçiriljek Türkmen-amerikan işewürlik maslahatynyň kompaniýanyň ýolbaşçysyna türkmen wekilleri bilen geljegi uly taslamalar we maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça pikir alyşmaga oňat mümkinçilik döretjekdigini nygtady. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan sporty we syýahatçylygy ösdürmäge durnukly ösüşiň möhüm ugurlary hökmünde garaýar.

Işewür özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşmagy Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny, bu platforma milli hem-de sebit bähbitlerini ilerletmek üçin möhüm mehanizm hökmünde garaýandygyny tassyklady. 

10 Noý
«Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky sammit

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 4-7-nji noýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ABŞ-nyň Prezidenti...

05 Noý
Hormatly Prezidentimiz möhüm desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 2-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuww...

28 Okt
Türkmenistan — Italiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Italiýa Respublikasyna...

21 Okt
TOPH gaz geçiriji taslamanyň Serhetabat — Hyrat tapgyryna badalga berildi

Mälim boşy ýaly, 2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan ga...

20 Okt
Birleşen Milletler Guramasyndan gelen hoş habar

2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimize Amerika...

16 Okt
Täze önümçilik desgasynyň düýbi tutuldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 15-nji okt­ýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşy...

13 Okt
«Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammiti we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz T...

08 Okt
Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýy­lyň 7-nji okt­ýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...