TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

12 Few

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ses berdi

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň Annanyýaz Artyk adyndaky 68-nji mekdepde ýerleşýän 48-nji saýlaw uçastogynda ses berdi.

Bu saýlaw uçastogynda saýlawçylaryň 1363-si hasaba alyndy. Döwlet Baştutanymyz bu ýere kyblasy Mälikguly Berdimuhamedow we käbesi Ogulabat Berdimuhamedowa, ogly, iki gyzy hem agtyklary bilen geldi.

Ilkinji bolup hormatly Prezidentimiziň kyblasy we käbesi, soňra çagalary özleriniň konstitusion hukugyny berjaý etdiler. Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ses berdi.

Ses bermegiň barşyny daşary ýurt we türkmen žurnalistleriniň uly topary beýan etdiler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary ýurtda ir sagat 7-de başlandy. Ses bermek Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda we konsullyk edaralarynda hem dowam edýär. Saýlaw uçastoklary 19.00 sagatda ýapylar, soňra sesleri sanamak işi başlanar.

10 Dek
Okuw maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...

04 Dek
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...

02 Dek
Täze döredilen etraplaryň saýlaw toparlary döredildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...

28 Noý
Täze belentlikleri nazarlaýan türkmen-gazak hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan bilen Gazagysta...

20 Noý
Saýlaw ulgamynda halkara tejribesi öwrenilýär

Hormatly Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň gerimi barha giňeýär. Hormatly Prezidentimiziň rugsat bermegi esasynda hem-de saýlawlary g...

10 Noý
«Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky sammit

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 4-7-nji noýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ABŞ-nyň Prezidenti...

05 Noý
Hormatly Prezidentimiz möhüm desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 2-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuww...

28 Okt
Türkmenistan — Italiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Italiýa Respublikasyna...