Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumy geçiriler. Bu foruma daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz örän uly ähmiýetli waka hökmünde gyzyklanma bildirýärler. Çünki forumyň umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy höweslendirmekdäki we artdyrmakdaky täsirli orny biçak uludyr. Onuň giň gerimliligi diňe bir Hazarýaka ýurtlarynyň däl, eýsem, gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň köpugurly gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly ähmiýete eýe bolar.
Forumyň çäklerinde Hazar sebitiniň ykdysadyýetiniň orny, senagat, energetika, söwda, syýahatçylyk ulgamlaryna we beýleki pudaklara maýa goýumlaryny artdyrmak barada söhbetdeşlikler geçiriler. Munuň özi ýakyn we uzak geljegi nazara almak bilen, özara bähbitli işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin täze mümkinçilikleri açar.
Forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklary, döwletleriň, işewür toparlaryň wekilleriniň gepleşiklerini geçirmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, halkara maslahat, şeýle hem Hazar innowasion tehnologiýalar sergisi geçiriler. Onda gatnaşyjy ýurtlaryň milli diwarlyklary bilen birlikde, nebitgaz, energetika we himiýa pudaklaryndaky öňdebaryjy çözgütler, önümçilik enjamlary, dürli senagat önümleri, daşary ýurt kompaniýalarynyň kuwwaty görkeziler.
Mundan başga-da, forumyň çäklerinde dünýäde awtomobil gurluşygy babatda gazanylanlary şöhlelendirýän «Türkmen sährasy — 2019» halkara sergisi geçiriler. Onda täze ýeňil, ýolagçy, ýük awtoulaglary we ýörite tehnikalar görkeziler, awtomobil gurluşygy ulgamynda innowasion işläp taýýarlamalar, awtoaudio we wideo elektronikada iň täze ugurlar öz beýanyny tapar. Giň möçberli gözden geçiriliş foruma gatnaşyjylara işewür duşuşyklar, netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin zerur şertleri döreder.
Şeýle-de bu forumyň Hazarda we oňa ýanaşyk sebitlerde köpugurly hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berilmegine, maýa goýum işiniň işjeňleşdirilmegine, täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine, Ýewraziýada täze geoykdysady giňişligi kemala getirmekde Hazar deňziniň möhüm orun eýelemegine hem-de onuň iri halkara ulag-üstaşyr halkasyna öwrülmegine ýardam etjekdigi şübhesizdir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ýerli çig malyň esasynda öndürilýän önümçilikleriň gerimini giňeltmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häz...
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 31-nji awgusty 3-nji sentýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatl...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we t...
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy. Beýan edilişi ýaly, Antoniu Guterriş hatynda şu ýylyň 5 – 8-...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň 20-nji awgustda kabul eden kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Aşgabat şäherindä...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň her biri halk bähbitlidir, röwşen geljegimiziň berk binýadydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 16-17-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýokary derejede durmuşa geçir...