Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, 2014-nji ýylyň oktýabr aýynda döredilen uçastok saýlaw toparlarynyň bäş ýyllyk ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanýandygy sebäpli, 2019-njy ýylyň oktýabr-noýabr aýlarynda uçastok saýlaw toparlaryny täzeden döretmek boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
Merkezi saýlaw toparynyň tassyklan meýilnamasy boýunça uçastok saýlaw toparlaryny täzeden döretmek işleri ýurdumyzyň ähli künjeklerinde guramaçylykly geçirilýär. Bu çäreleriň kanuna laýyklykda we bellenilen möhletlerde amala aşyrylýandygyny aýratyn belläp geçmek gerek.
Ýurdumyzda 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçirilen saýlawlarda Türkmenistan boýunça saýlaw uçastoklarynyň jemi 2604-si: şol sanda Ahal welaýatynda 364-si, Balkan welaýatynda 272-si, Daşoguz welaýatynda 523-si, Lebap welaýatynda 559-sy, Mary welaýatynda 548-si, Aşgabat şäherinde bolsa 299-sy döredilipdi. Şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň (konsullyk edaralarynyň) ýanynda ses bermegi geçirmek üçin saýlaw uçastoklarynyň 39-sy döredilipdi.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji maddasyna laýyklykda, uçastok saýlaw toparlarynyň düzümine wekiller ýurdumyzdaky syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň ilkinji guramalarynyň, raýatlaryň toparlarynyň ýygnaklarynda hödürlenilýär.
Raýatlar topary tarapyndan uçastok saýlaw toparynyň düzümine wekiller hödürlenilen halatynda, raýatlaryň şol ýygnagyna degişli saýlaw uçastogynyň çäginde ýaşaýan ýa-da işleýän saýlawçylaryň azyndan otuzysy gatnaşsa, ol ygtyýarly hasap edilýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde saýlaw uçastoklary boýunça uçastok saýlaw toparlarynyň düzümine wekilleri hödürlemek işleri giň gerimde dowam edýär.
Mundan başga-da, oktýabr-noýabr aýlarynda uçastok saýlaw toparlaryny täzeden döretmek bilen bagly meýilleşdirilen işler etrap, şäher saýlaw toparlary tarapyndan uçastok saýlaw toparlarynyň täze düzümini döretmek we tassyklamak; uçastok saýlaw toparlarynyň agzalary üçin şahsyýetnamalary taýýarlamak we olary gowşurmak; uçastok saýlaw toparlarynyň birinji mejlislerini geçirmek; uçastok saýlaw toparlarynyň täze düzümi barada ilaty habarly etmek ýaly birnäçe çäreler bilen utgaşyp gider.
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Astana şäh...
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanda...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji, 19-njy, 26-njy maddalaryna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň saýlaw toparynyň düzüminden bir agzanyň çykyp gidenligi sebäpli hem-de Türkmenistanyň Demokratik par...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-2-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrdy....
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 30-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala...
Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň 16-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasynyň Tatarysta...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz Russiýan...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 5-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makronyň çaky...