28-nji noýabrda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryna taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi.
Oňa Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň gün tertibine öňde boljak saýlawlary geçirmäge degişli birnäçe meseleler girizildi. Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Kararyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçirilýär.
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde saýlawlara taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça çäreleriň senenamalaýyn meýilnamasy tassyklandy. Saýlaw kodeksine hem-de Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň kararyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň 2-nji ýanwaryndan saýlaw möwsüminiň başlanýandygy yglan edildi.
Mejlisiň çäklerinde oňa gatnaşyjylar öňde boljak saýlaw möwsüminiň guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahataşdylar. Onuň geçirilişine syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary, raýatlar toparlary, dalaşgärler tarapyndan bellenilen milli synçylar syn ederler. Şeýle-de, mejlisde zerur resminamalar, şol sanda gollanmalar we ýatlamalar tassyklanyldy.
Mejlise gatnaşyjylar saýlawlaryň açyklygynyň we giň bäsdeşliginiň üpjün edilmegini möhüm wezipe hökmünde kesgitlediler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli içeri hem-de daşary syýasatynyň, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli döwlet maksatnamalarynyň we syýasy-demokratik özgertmeleriň mazmunyny hem-de maksatlaryny ilatyň arasynda wagyz etmek boýunça çäreleri işjeňleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy.
Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynyň başlyklarynyň öňde boljak saýlawlara taýýarlyk, dürli derejedäki çäreleri guramak boýunça alnyp barylýan işler baradaky habarlary diňlenildi. Şunun bilen baglylykda, ilatyň arasynda geçirilýän düşündiriş işlerine möhüm ornuň degişlidigi nygtaldy.
Bellenilişi ýaly, bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň üstünlikli geçirilmeginde saýlaw toparlaryna anyk we sazlaşykly işi alyp barmak boýunça aýratyn jogapkärçilik degişlidir. Çünki, Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlary ses bermegi guraýarlar we saýlawlaryň jemlerini jemleýärler.
Mejlise gatnaşyjylar milli Parlamentiň hil taýdan täze iki palataly düzüminiň döredilmeginiň Garaşsyz Türkmenistanyň syýasy ösüşiniň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin amatly şertleri döretjekdigine ynam bildirdiler.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň agzalary Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň üstünliklere beslenmeginiň ygtybarly binýady bolan demokratik ýörelgeleri işjeňleşdirmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüljekdigini nygtap, saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisiniň dowamynda başga-da guramaçylyk meselelerine garaldy we şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan bilen Gazagysta...
Hormatly Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň gerimi barha giňeýär. Hormatly Prezidentimiziň rugsat bermegi esasynda hem-de saýlawlary g...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 4-7-nji noýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ABŞ-nyň Prezidenti...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 2-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuww...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Italiýa Respublikasyna...