TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

24 Dek

Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri Merkezi saýlaw toparynda

Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly, öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda ähli ulgamlar bilen birlikde saýlaw ulgamynda hem uly işler durmuşa geçirilýär. Halkara derejesinde ykrar edilen kadalara we milli demokratik ýörelgelere esaslanýan saýlawlar ýurdumyzyň durmuşynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre bolup, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillikleriniň doly goralýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Munuň şeýledigini, saýlawlary demokratik esaslarda kanunalaýyk geçirmegiň halkara tejribelerini, saýlaw ulgamynyň ugurlaryny, saýlaw toparlarynyň ulgamyny giňişleýin öwrenmek, olar barada saýlaw hukukly raýatlaryň arasynda, saýlaw toparlarynyň arasynda düşündiriş işlerini geçirip, ony halk köpçüliginiň aňyna ýetirmek, şonuň netijesinde-de, saýlaw ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigi hem aýdyňlygy bilen subut edýär.

Saýlaw ulgamynyň işi bilen içgin we giňişleýin tanyşmagy maksat edinip, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň hem-de Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň bilelikde tassyklan meýilnamasyna laýyklykda, Döwlet gullugy akademiýasynyň «Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejelerini ýokarlandyrmak» ugry boýunça diňleýjileri nazaryýetde alan bilimlerini berkitmek üçin şu ýylyň 24-nji dekabrynda Merkezi saýlaw toparynda önümçilik tejribesini geçdiler.

Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjilerine Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine girizilen goşmaçalar we üýtgetmeler barada, şeýle-de, 2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň (Parlamentiniň) Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryna görülýän taýýarlyk işleri barada aýdyldy. Şeýle hem ýurdumyzda geçirilýän möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre bolan saýlawlary guramaçylykly geçirmekde Merkezi saýlaw topary tarapyndan alnyp barylýan işler, saýlaw toparlarynyň wezipeleri, düzümi, saýlaw ulgamy, ýurdumyzda geçirilýän saýlawlar, halkara tejribeleri, saýlaw kanunçylygy barada Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň tejribeli hünärmenleri tarapyndan giňişleýin düşünje berildi we sowal jogap-alşyldy.

Hormatly Prezidentimiziň dürli kärde zähmet çekýän gullukçylaryň hünär derejelerini kämilleşdirmäge döredip beren mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden hünärlerini ýokarlandyrmak ugry boýunça gelen diňleýjileriň arasynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda dürli wezipelerde zähmet çekýän adamlaryň bardygyny bellemek ýerliklidir. Önümçilik tejribesine gatnaşyjylar okamaga, işlemäge, hünärlerini ýokarlandyrmaga döredip beren şertleri üçin Arkadag Prezidentimize öz hoşallyklaryny bildirdiler we Hormatly Prezidentimizi we tutuş türkmen halkyny ýetip gelen täze «2021-nji- Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» bilen tüýs ýürekden gutladylar.

10 Dek
Okuw maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...

04 Dek
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...

02 Dek
Täze döredilen etraplaryň saýlaw toparlary döredildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...

28 Noý
Täze belentlikleri nazarlaýan türkmen-gazak hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan bilen Gazagysta...

20 Noý
Saýlaw ulgamynda halkara tejribesi öwrenilýär

Hormatly Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň gerimi barha giňeýär. Hormatly Prezidentimiziň rugsat bermegi esasynda hem-de saýlawlary g...

10 Noý
«Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky sammit

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 4-7-nji noýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ABŞ-nyň Prezidenti...

05 Noý
Hormatly Prezidentimiz möhüm desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 2-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuww...

28 Okt
Türkmenistan — Italiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Italiýa Respublikasyna...