TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

27 Ýan

Milli synçylar bellige alyndy

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 6-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça dowam edýän jemgyýetçilik-syýasy çäräniň çäklerinde milli synçylary bellige almak geçirildi. Olar şu pursatdan başlap özleriniň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde saýlaw işine syn etmegi amala aşyrarlar.

Milli synçylary bellemek hukugy syýasy partiýalara, jemgyýetçilik birleşiklerine, raýatlaryň toparlaryna we dalaşgärlere degişlidir.

Şu güne çenli Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan,  Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, Agrar partiýasyndan jemgyýetçilik guramalaryndan, şeýle hem raýatlar toparlary tarapyndan

436 synçy, şol sanda Ahal welaýaty boýunça 61, Balkan welaýaty boýunça 88, Daşoguz welaýaty boýunça 80, Lebap welaýaty boýunça 83, Mary welaýaty boýunça 92 hem-de Aşgabat şäheri boýunça 32 synçy bellige alyndy.

Bellige alnan milli synçylaryň hemmesine degişli şahsyýetnamalar gowşuryldy.

Milli saýlaw kanunçylygyndaky üýtgetmeler, öňde boljak saýlawlary geçirmegiň tertibi şeýle-de  özleriniň wezipe borçlary bilen has giňişleýin tanyşmaklaryna mümkinçilik dörediler we olar üçin okuw maslahatlary guralar.

28 Okt
Türkmenistan — Italiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Italiýa Respublikasyna...

21 Okt
TOPH gaz geçiriji taslamanyň Serhetabat — Hyrat tapgyryna badalga berildi

Mälim boşy ýaly, 2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan ga...

20 Okt
Birleşen Milletler Guramasyndan gelen hoş habar

2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimize Amerika...

16 Okt
Täze önümçilik desgasynyň düýbi tutuldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 15-nji okt­ýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşy...

13 Okt
«Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammiti we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz T...

08 Okt
Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýy­lyň 7-nji okt­ýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...

25 Sent
Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylyga gönükdirilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk

Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli gatna...

18 Sent
ÝHHG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 14–18-nji sentýabry aralygynda paýtagtymyzda saparda bold...