TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

17 Few

Dalaşgärleri hödürlemek dowam edýär

"Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Watany!" diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň  saýlawlaryna  guramaçylykly taýýarlyk görülýär. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, 6-njy fewralda badalga alan dalaşgärleri hödürlemek işleri şu günler giň gerim bilen dowam edýär.  Bu möhüm syýasy çäräniň çäklerinde häzirki wagtda dalaşgärleri hödürlemek hukugyna eýe bolan welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary öz mejlislerinde mynasyp dalaşgärleri hödürleýärler. 

Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri syýasy partiýalar, raýatlar toparlary welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalygyndaky wekilleriniň üsti bilen hödürläp bilýärler.

Mejlislerde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň  agzalygyna  dalaşgärlige hödürlenilýänleriň çäklendirilmedik sany ara alnyp maslahatlaşylýar. Hödürlenilýän dalaşgärleriň arasynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän tejribeli hünärmenleriň bardygy bellärliklidir.

Geçirilýän mejlislerde çykyş edenler dalaşgärlige hödürlenilýäniň ilat arasyndaky abraýy, olaryň işjeňlik we guramaçylyk ukyplary bilen ýakyndan tanyşdyrýarlar. Şunlukda, mejlisleriň dowamynda dalaşgärleriň çäklendirilmedik sanynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy bu saýlawlaryň Türkmenistanyň Konsti­tusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, demokratik ýörelgelerimiz esasynda, giň bäsleşlik şertlerinde açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçjekdigini aňladýar.

Häzirki güne çenli welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary tarapyndan Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleriň jemi 75 hödürlenildi. Şolardan: Ahal welaýat boýunça 15, Balkan welaýat boýunça 15, Daşoguz welaýat boýunça 7, Lebap welaýaty boýunça 15, Mary welaýaty boýunça 12, Aşgabat şäheri boýunça 11 dalaşgär hödürlenildi.

Dalaşgärleri hödürlemek 2-nji martda tamamlanyar, bellige almak bolsa 7-nji marta çenli dowam eder.

10 Dek
Okuw maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...

04 Dek
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...

02 Dek
Täze döredilen etraplaryň saýlaw toparlary döredildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...

28 Noý
Täze belentlikleri nazarlaýan türkmen-gazak hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan bilen Gazagysta...

20 Noý
Saýlaw ulgamynda halkara tejribesi öwrenilýär

Hormatly Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň gerimi barha giňeýär. Hormatly Prezidentimiziň rugsat bermegi esasynda hem-de saýlawlary g...

10 Noý
«Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky sammit

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 4-7-nji noýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ABŞ-nyň Prezidenti...

05 Noý
Hormatly Prezidentimiz möhüm desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 2-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuww...

28 Okt
Türkmenistan — Italiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Italiýa Respublikasyna...