TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

30 Mart

Merkezi saýlaw topary saýlawlaryň jemlerini jemledi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary  geçirmek boýunça  merkezi toparda metbugat maslahaty geçirildi. Onda 28-nji martda ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň jemleri jemlendi.

Maslahata ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň jemlerini mälim etmezden öň, Merkezi saýlaw toparynyň başlygy bu ýere ýygnananlara ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilen bu saýlawlaryň aýratynlygyny düşündirdi. Şeýle hem  saýlaw möwsüminiň dowamynda alnyp barlan işler barada giňişleýin habar berdi.

Saýlawlar bilen baglanyşykly işlere işjeň gatnaşan adamlara, hususan-da saýlawlaryň ähli tapgyrlary baradaky maglumatlary, habarlary yzygiderli, öz wagtynda ilatyň dykgatyna ýetiren köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine hoşallyk sözlerini aýytdy.

Saýlaw ulgamyny sanlaşdyrmak işleriniň çäklerinde, saýlawlar güni Aşgabat şäherindäki we welaýatlarymyzdaky saýlaw uçastoklarynda wideokameralar gurnalyp, saýlawçylaryň ses berişleri internet arkaly Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň saylav.gov.tm internet-saýtynda on-line tertibinde göni görkezildi.

Saýlawlarda welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalary işjeň ýagdaýda ses berdiler. Has takygy, Ahal welaýatynda 97,3 %, Balkan welaýatynda 97,4 %, Daşoguz welaýatynda 100 %, Lebap welaýatynda 100 %, Mary welaýatynda 100 %, Aşgabat şäherinde        97,4 %,  şeýlelikde Türkmenistan boýunça jemi 98,7%  gatnaşyk boldy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunçaýurdumyzyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik guramalary, raýatlar toparlary we dalaşgärler tarapyndan bellenilen milli synçylar topary saýlawlaryň guramaçylykly, giň demokratik ýörelgeler we bäsleşik esasynda geçirilendigini ykrar etdiler.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň her welaýatdan we Aşgabat şäherinden 8-si, Türkmenistan boýunça jemi     48-si saýlandy.

Türkmenistanyň konstitusiýasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň 8 agzasy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, saýlawlaryň netijesi- TürkmenistanyňMilliGeňeşiniňHalkMaslahatynyň saýlanan agzalary baradaky maglumat köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly ilatyň dykgatyna ýetirildi.  

Hormatly  Prezidentimiziň döwletimiziň  jemgyýetçilik durmuşyny mundan beýläk hem demokratiýalaşdyrmak, ösdürmek, döwlet häkimiýet edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen öňe süren başlangyjyna laýyklykda, ýurdumyzda amala aşyrylýan konstitusion özgertmeleriň esasynda açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda, guramaçylykly   geçirilen bu saýlawlar demokratik ýörelgeleri çuň­laşdyrmagyň ýolunda möhüm ähmiýetli ädime öwrüldi.

09 Sent
Täze çüýşe önümlerini öndürýän önümhana işe girizildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ýerli çig malyň esasynda öndürilýän önümçilikleriň gerimini giňeltmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häz...

04 Sent
Türkmenistan—Hytaý: dostlukly gatnaşyklar ösdürilýär

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 31-nji awgusty 3-nji sentýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatl...

03 Sent
Ýurdumyzda täze bilim ojagy açyldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we t...

28 Awg
BMG-niň Baş sekretarynyň hoşallyk haty

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy. Beýan edilişi ýaly, Antoniu Guterriş hatynda şu ýylyň 5 – 8-...

21 Awg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljek senesi kesgitlenildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň 20-nji awgustda kabul eden kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Aşgabat şäherindä...

22 Iýul
Saýlaw ulgamynyň işi kämilleşýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň her biri halk bähbitlidir, röwşen geljegimiziň berk binýadydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman...

18 Iýul
Türkmen azerbaýjan dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 16-17-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...

09 Iýul
Halkara maslahata ýokary derejede taýýarlyk görülýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýokary derejede durmuşa geçir...