Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly ýolbaşçylygynda beýleki ulgamlar bilen birlikde saýlaw ulgamyna içgin üns berilýär. Ýurt Baştutanymyzyň ýakyndan ýardam bermegi netijesinde, ýurdumyzda saýlawlar demokratik ýörelgelere, halkara ölçeglerine laýyklykda geçirilýär hem-de saýlaw ulgamy barha kämilleşdirilýär. Şeýlelikde bolsa, döwletimiziň syýasy ösüşiniň demokratik ýörelgeleri giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar.
Saýlaw ulgamynyň işi bilen içgin we giňişleýin tanyşmagy maksat edinip, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň hem-de Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň bilelikde tassyklan meýilnamasyna laýyklykda, Döwlet gullugy akademiýasynyň «Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejelerini ýokarlandyrmak» ugry boýunça diňleýjileri nazaryýetde alan bilimlerini berkitmek üçin şu ýylyň 6-njy aprelinde Merkezi saýlaw toparynda önümçilik tejribesini geçdiler.
Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjilerine Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine girizilen goşmaçalar we üýtgetmeler barada, şeýle-de, 2021-nji ýylyň 28-nji martynda ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň aýratynlyklary barada giňişleýin düşünje berildi. Şeýle hem ýurdumyzda geçirilýän möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre bolan saýlawlary guramaçylykly geçirmekde Merkezi saýlaw topary tarapyndan alnyp barylýan işler, saýlaw toparlarynyň wezipeleri, düzümi, saýlaw ulgamy, ýurdumyzda geçirilýän saýlawlar, halkara tejribeleri, saýlaw kanunçylygy barada Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň tejribeli hünärmenleri tarapyndan giňişleýin düşünje berildi we sowal jogap-alşyldy.
Hormatly Prezidentimiziň dürli kärde zähmet çekýän gullukçylaryň hünär derejelerini kämilleşdirmäge döredip beren mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden hünärlerini ýokarlandyrmak ugry boýunça gelen diňleýjileriň arasynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda dürli wezipelerde zähmet çekýän adamlaryň bardygyny bellemek ýerliklidir. Önümçilik tejribesine gatnaşyjylar okamaga, işlemäge, hünärlerini ýokarlandyrmaga döredip beren şertleri üçin Arkadag Prezidentimize öz hoşallyklaryny bildirdiler.
2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan bilen Gazagysta...
Hormatly Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň gerimi barha giňeýär. Hormatly Prezidentimiziň rugsat bermegi esasynda hem-de saýlawlary g...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 4-7-nji noýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ABŞ-nyň Prezidenti...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 2-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuww...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Italiýa Respublikasyna...