Ynsan kalbyny päklige, halallyga besleýän, merdana ata-babalarymyzdan miras galan, halkymyzyň asyrlar, boýy dowam edip gelýän asylly ýörelgelerine aýratyn ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sahawatly, päk wyždanly bolmak, halal we arassa ýaşamak halkymyzyň milli häsiýetleriniň esasy aýratynlyklarydyr. Ahlak tämizligine, ynsanperwerlige beslenýän Oraza aýynda halkymyzyň bu milli häsiýetleri has aýdyň ýüze çykýar. Halkymyz gadymy döwürlerden bäri ahlak arassalygynyň, ynsanperwerligiň dabaralanmasy hökmünde, mukaddes Oraza aýyna aýratyn sarpa goýup gelipdir.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy «Aýyň ýagşysyn» diýen şygrynda: «Ýigrimi dört sagat on iki aýda, Remezan diýerler aýyň ýagşysyn» — diýip, bu mukaddes aýa bolan hormatyny beýan edýär. Çeper edebiýatda bahara «pasyllaryň soltany» diýilýär. Diýmek, milady hasaby boýunça her ýyl 10 gün çemesi öňe süýşüp gelýän aýlaryň soltany bu ýyl hem pasyllaryň soltanynda düşledi.
Ýaňy ýalydy... Dillerinden dür saçylýan balajyklarymyzyň şaňňyja sesleri bilen: «Biz-ä sizi baý gördük» diýip, «Ýaremezan» aýdyp ýörenleri göz öňümizden gidenok. Aslynda, tämiz kalply çagalar päkligiň, Haka ýakynlygyň aýynyň — Orazanyň buşlukçysydyr!
Halkymyz Oraza aýyna sahawatyň, kanagatyň, halallygyň, haýyrly tutumlaryň aýy hökmünde garaýar. Çünki, Oraza aýynyň ynsan üçin ruhy terbiýesi örän ähmiýetli bolup durýar.
Mübärek Oraza aýynyň sogap-sahawatly günlerinde tagat-ybadatlar edilýär, agzaçar sadakalary berilýär. Gadyr gijesi-de türkmeniň baý milli ýörelgeleri bilen dabaralanýar. Remezan aýynyň ýigrimi altysyndan ýigrimi ýedisine geçilýän gije musulmanlar, agyz bekleýänler üçin aýratyn bir haýyrly, arzyly gije hasaplanýar. Sebäbi, bu gije beýik Biribaryň ýerdäki wekili hezreti Muhammediň hadyslarynda aýdylyşy ýaly, «Agzy orazalylaryň dogasynyň kabul bolýan» gijesi — «Gadyr gijesidir». Bu gije pygamberimize Gurhanyň aýatlary inmäge başlapdyr. Şonuň üçinem ony haýyr-dogada, ybadat bilen geçirmegiň sogaby örän uly hasaplanýar.
Oraza aýynda türkmen ojaklarynda kokun kesilip, çapady, pişme ýaly milli tagamlarymyz bişirilip paýlanýar, agyz açdyrylýar, baş pitre çykarylýar, malyňdan baş saglygyňa sadaka berilýär. Muhammet pygamberimiz öz hadyslarynda sadakadyr namaz barada şeýle diýipdir: «Namaz şeýtanyň ýüzüni garaldar we sadaka bermek onuň bilini oňurar».
Gadyr gijesinde her dürli datly tagamlary bişirip, hödür-kerem bilen ony goňşy-golamlara paýlamak hem türkmeniň asylly, ynsanpewer däpleriniň biridir we agzybirliginiň nyşanydyr.
Goý, mübärek Oraza aýynyň sahawatly gadyr gijesinde halkymyzyň agzybirligi, abadançylygy, eziz Diýarymyzyň berkararlygy, Gahryman Arkadagymyzyň ähli tutumlarynyň rowaçlygy üçin ediljek doga-dilegler, ýagşy umyt-arzuwlar gudraty güýçli beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Orazalaryňyz gutly-mübärek, sahawat-sadakalaryňyz kabul bolsun, eziz ildeşler!
2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan bilen Gazagysta...
Hormatly Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň gerimi barha giňeýär. Hormatly Prezidentimiziň rugsat bermegi esasynda hem-de saýlawlary g...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 4-7-nji noýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ABŞ-nyň Prezidenti...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 2-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuww...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Italiýa Respublikasyna...