TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

30 Iýul

Welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň täze döredilen saýlaw toparlary: jemler, sanlar

Ýurdumyz bu gün demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmak ýoly bilen öňe ynamly gadam urýar. Demokratik şertleriň çäklerinde ýurdumyzda her bir türkmen raýatynyň saýlaw hukuklarynyň üpjün edilmegine hem uly üns berilýär. Saýlawlaryň guramaçylykly geçirilmeginde, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillikleriniň kanunalaýyk üpjün edilmeginde ýurdumyzda hereket edýän saýlaw toparlarynyň möhüm orny bardyr.

Welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlarynyň bäş ýyllyk ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, toparlar täzeden döredildi. Welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlaryny täzeden döretmek işleri Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, Merkezi saýlaw topary tarapyndan tassyklanylan meýilnama esasynda guramaçylykly amala aşyryldy.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji maddasyna laýyklykda, welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlarynyň düzümine wekilleri hödürlemek işleri syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň welaýat, Aşgabat şäher guramalarynyň mejlislerinde, şeýle hem raýatlar toparlarynyň ýygnaklarynda geçirildi.  

Has takygy:

Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan 20;

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan 4; 

Türkmenistanyň Agrar partiýasyndan 6;

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklaryndan 15;

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyndan 8;

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginden 5;

Raýatlaryň toparlaryndan 8 wekil hödürlenildi

Şeýlelikde, ýurdumyz boýunça welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlarynyň düzümine wekil hödürlemek hakyndaky mejlisleriň, ýygnaklaryň jemi 66-sy  geçirilip, bu çäreler aýanlyk, açyklyk ýagdaýynda we demokratik esaslarda amala aşyryldy.

Syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekil hödürlemek hakynda geçiren mejlisleriniň, ýygnaklarynyň teswirnamalaryna laýyklykda, welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlary özleriniň birinji mejlislerini geçirip, onda toparyň başlygyny, başlygynyň orunbasaryny we kätibini saýladylar. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 32-nji maddasyna laýyklykda, Welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlary Merkezi saýlaw saýlaw topary tarapyndan 11 agzadan ybarat düzümde döredildi.

Şeýlelikde, welaýatlaryň we Aşgabat  şäheriniň saýlaw toparlarynyň agzalarynyň jemi sany 66-a deň boldy we olara degişli şahsyýetnamalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Şol sanda:

Ahal welaýatynyň saýlaw topary – 11 agza;

Balkan welaýatynyň saýlaw topary – 11 agza;  

Daşoguz welaýatynyň saýlaw topary – 11 agza;

Lebap welaýatynyň saýlaw topary – 11 agza;    

Mary welaýatynyň saýlaw topary – 11 agza; 

Aşgabat şäheriniň saýlaw topary – 11 agza.

Şeýle-de, welaýatlaryň we Aşgabat  şäheriniň saýlaw toparlarynyň düzümine ser salanymyzda, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän adamlaryň saýlanylandygyny we şol agzalaryň  19,70 % zenanlardygyny, 100 % ýokary bilimli agzalaryň 66,67 % göteriminiň 30-dan 50 ýaşa çenli adamlardygyny görmek bolýar.  Munuň özi welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlarynyň täze düzüminiň öz ygtyýarlyk möhletiniň çäklerinde geljek bäş ýylyň dowamynda ýurdumyzda demokratik esaslarda geçiriljek dürli görnüşli saýlawlara işjeň gatnaşjakdyklaryny aňladýar.

Eziz Diýarymyzyň demokratik ýol bilen gülläp ösmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! Umumadamzat, il-ýurt bähbitli tutumly işleri, demokratik başlangyçlary hemişe rowaç bolsun!

10 Dek
Okuw maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...

04 Dek
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...

02 Dek
Täze döredilen etraplaryň saýlaw toparlary döredildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...

28 Noý
Täze belentlikleri nazarlaýan türkmen-gazak hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan bilen Gazagysta...

20 Noý
Saýlaw ulgamynda halkara tejribesi öwrenilýär

Hormatly Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň gerimi barha giňeýär. Hormatly Prezidentimiziň rugsat bermegi esasynda hem-de saýlawlary g...

10 Noý
«Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky sammit

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 4-7-nji noýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ABŞ-nyň Prezidenti...

05 Noý
Hormatly Prezidentimiz möhüm desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 2-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuww...

28 Okt
Türkmenistan — Italiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Italiýa Respublikasyna...