TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

30 Noý

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň paýtagtymyzda geçen sammiti

Hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Aşgabat şäherinde şu ýylyň 28-nji noýabrynda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 15-nji sammiti halkara derejesinde uly ähmiýete eýe boldy.  Dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde bu çäre giňden beýan edildi. YHG-nyň Tertipnamasyna laýyklykda, oňa agza döwlet Baştutanlarynyň duşuşyklary iki ýyldan bir gezek geçirilýär. Şoňa laýyklykda, Guramanyň başlygy wezipesini oňa agza döwletleriň her biri iki ýyl möhlet bilen, gezekleşikli ýerine ýetirýär.

Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen bu taryhy sammite Gurama agza ýurtlaryň – Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň döwlet hem-de hökümet ýolbaşçylary, şeýle hem sammite YHG-nyň Baş sekretary gatnaşdy.

Döwletimiz 1992-nji ýyldan bäri YHG-nyň agzasy bolmak bilen, köptaraplaýyn görnüşde özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga saldamly goşant goşup, Gurama girýän döwletler bilen ikitaraplaýyn dostluk, hoşniýetli goň­şuçylyk gatnaşyklaryny üstünlikli amala aşyrýar. Milli Liderimiz Sammitiň barşynda çykyş edip, ýurdumyzyň bu Gurama başlyklyk etmeginiň çäklerinde öňe süren hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi. Türkmen tarapynyň bu forumyň geçirilmegini oňa gatnaşýan ýurtlaryň ykdysady, söwda-maýa goýum, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky özara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen möhüm çäre hökmünde kabul edýändigini belläp geçdi.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik hem-de oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny amala aşyrmak bilen, öz dostlary we hyzmatdaşlary üçin hemişe açykdyr.  Häzirki zaman şertlerinde döwletimiz sebit derejesinde däp bolan gatnaşyklara ygrarly bolup, YHG-nyň ähli agza döwletleri bilen ozaldan gelýän hoşniýetli we ýakyn gatnaşyklary saklaýar.

Häzirki wagtda Gurama agza-ýurtlaryň durmuş-ykdysady hyzmatdaş-lygynyň giňeldilmegi, önjeýli özara hereketleriň ýaýbaňlandyrylmagy üçin ähmiýetli mümkinçilikler döredilendir. 

Halkara derejeli forumyň barşynda çykyş eden döwlet we hökümet baştutanlary hem-de YHG-nyň Baş sekretary bu sammitiň oňyn çözgütleriň kabul edilmegine itergi beren netijeli meýdança bolandygyny belläp geçdiler.

Şeýlelikde, Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň paý­tag­ty­myz­yň köpugurly işewürlik merkezli bolan «Garagum» otelinde  ge­çi­ri­len XV sam­mi­ti Türk­menistanyň bu guramanyň işine işjeň gatnaşyp, dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň pugta­lan­dy­ryl­ma­gyna önjeýli goşant goşýandygynyň, halkara abraýynyň artýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.

09 Sent
Täze çüýşe önümlerini öndürýän önümhana işe girizildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ýerli çig malyň esasynda öndürilýän önümçilikleriň gerimini giňeltmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häz...

04 Sent
Türkmenistan—Hytaý: dostlukly gatnaşyklar ösdürilýär

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 31-nji awgusty 3-nji sentýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatl...

03 Sent
Ýurdumyzda täze bilim ojagy açyldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we t...

28 Awg
BMG-niň Baş sekretarynyň hoşallyk haty

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy. Beýan edilişi ýaly, Antoniu Guterriş hatynda şu ýylyň 5 – 8-...

21 Awg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljek senesi kesgitlenildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň 20-nji awgustda kabul eden kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Aşgabat şäherindä...

22 Iýul
Saýlaw ulgamynyň işi kämilleşýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň her biri halk bähbitlidir, röwşen geljegimiziň berk binýadydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman...

18 Iýul
Türkmen azerbaýjan dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 16-17-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...

09 Iýul
Halkara maslahata ýokary derejede taýýarlyk görülýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýokary derejede durmuşa geçir...